Görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň baýram edilmeginiň çäginde 19-njy martda Aşgabat şäherinde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik festiwaly geçirildi.
Çäräni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly ýaryşlar geçirmegiň ähmiýeti baradaky pendini tutmak bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Bilim we Medeniýet ministrlikleri gurady.
Festiwalyň esasy maksady beýik akyldar şahyryň döredijilik mirasyny çuňňur öwrenmek, ýurduň ýaş neslini watançylyk, ynsanperwerlik, agzybirlik we şygryýetinde beýan edilen beýleki ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň döredijilik işjeňligine itergi bermekdir.
Festiwalda ýurduň dürli ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymguly Pyragynyň çeper keşbiniň suratlandyrylyşy barada gürrüň berdiler, labyz bilen akyldar şahyryň goşgularyny okadylar we olar esasynda sahnalaşdyrylan käbir wakalary görkezdiler. Magtymguly Pyragynyň goşgularyna halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler, ýaş şahyrlar bolsa türkmen halkynyň beýik ogluna bagyşlan goşgularyny okadylar.
Ýaş zehinleriň häzirki wagtda hakykata öwrülen Garaşsyz we gülläp ösýän Watan hakda höwes bilen arzuw eden Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýerine ýetiren edebi we sazly kompozisiýalaryny döredijilik festiwalyna gatnaşanlaryň hemmesi joşgun bilen garşyladylar.