Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň ýadygärlikleri we olaryň ömri hem-de döredijiligi bilen tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde heýkelleri oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ýazyjylar we şahyrlar barada habarlaryň, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.
Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz italýan halkynyň meşhur filosofy, akyldary we şahyry Dante Aligýeri barada.
Dante Aligýeri italýan şahyry, italýan edebi dilini esaslandyryjylaryň biridir. Dante Aligýeri 1265-nji ýylyň maýynda eneden dogulýar. Şol döwrüň meşhur şahyry hem-de alymy Brunetto Latini Danteniň ilkinji halypasy bolýar. Dante gadymy we orta asyr edebiýatynda, tebigy ylymlarda giň bilimleri alypdyr. Danteniň iň ýakyn dosty şahyr Gwido Kawalkanti bolupdyr. Ilki wagtlarda Dante Weronanyň hökümdary Bartolomelo della Skalanyň öýünde ýaşaýar. Biraz soňra ol Bolonýa gelipdir, 1303-1309-njy ýyllarda bolsa Parižde bolupdyr.
Dante Jemma Donatä öýlenýär. Onuň öýlenen senesi belli däl. 1301-nji ýylda onuň eýýäm üç çagasynyň (Pýetro, Ýakopo we Antoniýa) bolandygy bellidir. Soňky ýyllarda ol Rawennada ýaşapdyr, onuň ogullary Ýakopo we Pýetro, şahyrlar, onuň geljekki teswirleýjileri hem-de gyzy Antoniýa töwereginde jemlenipdirler.
Dante Aligýeri orta asyrlaryň beýik şahyry hasaplanylýar. Ol şeýle derejä köptaraply we zehinli adam bolmagy bilen ýetdi. Onuň diňe italýan däl eýsem, dünýä edebiýatynyň ösüşine goşan goşandy gymmatlydyr. Ol «Ylahy komediýa», «Täze durmuş» we «Toý» ýaly meşhur eserleriň awtorydyr.
Danteniň 13-nji asyryň ahyrynda ýazan «Täze durmuş» atly şygyrlar kitapçasy dünýä edebiýatynda ilkinji terjimehal eseri hasaplanylýar. Bu kitapçada arassa söýgüniň hem-de wepalylygyň tebigaty açylyp görkezilýär. 1321-nji ýylyň tomsunda Dante Rawennanyň hökümdarynyň ilçisi hökmünde Wenesiýa ugrapdyr. Yzyna gaýdyp gelýärkä ýolda Dante hassalapdyr we Rawennada 1321-nji ýylyň 13-nji sentýabryndan 14-nji sentýabryna geçilýän gije ýogalypdyr. Dante Rawennada jaýlanypdyr.
Dante Aligýeri – akyldar we şahyr, ol öz kalbynda hem-de töwereginde bolup geçen ähli zatlaryň hemişe düýp esasyny gözläpdir. Hut şu oýlanyşyklylyk umumy başlangyçlara, kesgitlilige, içki maksatlaryna telwasy, kalby joşgunlylygy hem-de çäksiz oý-pikirleri onuň şygryýetiniň, ýolunyň, keşp döretmekliginiň we hyýalbentliginiň hilini kesgitledi.
Iň täze filosofik sözlükde görkezilişi ýaly, Danteniň şygryýeti renesans döwrüniň ynsanperwerligini görkezmekde we umuman, Ýewropanyň medeni däplerini aýdyňlaşdyrmakda uly orun eýeläp, medeniýetiň diňe şahyrana-çeperçiligine däl, eýsem, filosofik ulgamyna hem uly täsirini ýetirdi.
Aýyň arka tarapyndaky kratere Danteniň ady dakyldy.