Ï Türkmenistan Parižde geçiriljek nebitgaz halkara göçme forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Parižde geçiriljek nebitgaz halkara göçme forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

view-icon 1962
Türkmenistan Parižde geçiriljek nebitgaz halkara göçme forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistan ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Amanow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakyndaky» Kararyna laýyklykda, bu forumy 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu forumy guramaçylykly geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň energetika, gurluşyk we senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga aýratyn üns berler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda ýurdumyzyň maýa goýum taslamalarynyň giňden açylyp görkezilmelidigine ünsi çekdi hem-de forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini wise-premýere tabşyrdy.