Ï Türkmen telekeçileri «Freskon 2024» çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen telekeçileri «Freskon 2024» çagyrylýar

view-icon 1720
Türkmen telekeçileri «Freskon 2024» çagyrylýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi türkmen telekeçileriniň şu ýylyň 11–13-nji aprelinde Gresiýada geçiriljek Bütindünýä miwe we gök önümler «FRESKON» sergisine gatnaşmaga çagyrylýandygyny habar berýär.

Bu TIF HELEXPO tarapyndan Saloniki şäherinde ýerleşýän Halkara sergi merkezinde guralýan iň iri miwe we gök önüm sergisidir.

«FRESKON» ter miweleri we gök önümleri paýlamak bilen meşgullanýan şereketler bilen halkara bazarlaryň arasyndaky strategik baglanyşyk halkasy hasaplanýar. Serginiň esasy toparlaryna ter miweler we gök önümler, organik önümler, enjamlar we gaplamak hem standartlaşdyrmak üçin serişdeler, ulag we logistika, hil gözegçiligi barlaghanalary girýär. Bu barada serginiň www.freskon.helexpo.gr saýtynda jikme-jik maglumat berilýär.