Ï Abadançylygyň we gülläp ösüşiň ýoly bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Abadançylygyň we gülläp ösüşiň ýoly bilen

view-icon 2307

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary aýdyň beýanyny tapdy. Türkmenistany ylmyň gazananlaryna, ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan ykdysady taýdan ösen döwletleriň birine öwürmek, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr.

18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Welaýatlarda gowaça ekişine girişmek, şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýokary hilli tohumlary möwsüme doly taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi, gögeriş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin amatly şertler döredilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, ýer, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, howdanlara suw toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär. Maslahatyň dowamynda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, gowaça ekişiniň ýokary guramaçylyk derejesini, ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygy bellenildi. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Şonuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ugur işjeň ösdürilýär, parlamentara hyzmatdaşlyk yzygiderli alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda ýola goýlan göni gatnaşyklaryň möhümdigi nygtaldy. Munuň özi döwletara hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar.

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmegine iki ýyl doldy. Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişen güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhynda täze sahypany açdy.

23-nji martda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň bank edaralarynyň maliýe hasabatlaryna halkara standartlar esasynda nobatdaky audit barlaglaryny geçirmek, söwda ulgamyny guramaçylyk-hukuk taýdan düzgünleşdirmek, ulag-kommunikasiýa pudagynyň işini kämilleşdirmek, ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek, oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meseleler bar.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. Bu forumy şu ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Parižde geçirmek meýilleşdirilýär. Onda milli ykdysadyýetimiziň energetika, gurluşyk-senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga aýratyn üns berler. Mundan başga-da, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň, şol sanda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işlere laýyklykda, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäherinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirliginiň hem-de “Ak bulut” hojalyk jemgyýetiniň paýly gatnaşmaklarynda “Türkmen gips” hojalyk jemgyýetini döretmek teklip edildi. Bu täze bilelikdäki kärhanada ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa goşmaça iş orunlaryny döretmäge hem mümkinçilik berer.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň gurluşygynyň taslamasyna garaldy. Bellenilişi ýaly, täze guruljak binada sanly ulgamyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, amatly, ýokary hilli hyzmatlary ýola goýmaga mümkinçilik döreder.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Eser arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlaryndan ybarat bolan taryhy çeşmelere esaslanýan maglumatlary öz içine alýar.

Şeýle-de BMG-niň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýdyldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu resminama ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar hem-de usullar arkaly kadalaşdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir we dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk dialogynyň medeniýetini ösdürmekde alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli çäreleri geçirmek boýunça Hökümet derejesindäki degişli guramaçylyk toparyny döretmek, onuň mejlislerinde anyk meselelere seretmek, bu işleri halkara derejede geçirmek baradaky teklipler beýan edildi. Şeýle-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň gatnaşmagynda duşuşygy guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýetiniň 17 — 21-nji mart aralygynda Belgiýa Patyşalygyna we Italiýa Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeltmek bilen bagly birnäçe teklipler beýan edildi. Hususan-da, şu ýylyň oktýabrynda paýtagtymyzda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmek, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Brýussel şäherine saparyny guramak teklip edilýär.

Şu ýylyň dowamynda ÝB-niň wekilleriniň ýurdumyza saparlaryny yzygiderli we ulgamlaýyn esasda guramak, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ugry boýunça Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin degişli topary döretmek zerur hasaplanýar. Ýewropa Bileleşigi bilen ýurdumyzyň arasyndaky ulag hyzmatdaşlygyny binýatlaýyn esasda ösdürmek maksady bilen, «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynda utgaşdyryjy platformany döretmek meselesini işläp taýýarlamak teklip edilýär. Ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen baglylykda, ÝB-niň ugurdaş düzümleri bilen bilelikde täze bilim maksatnamalaryny işläp düzmek, hususan-da, hünär öwrenmek babatda şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky adam hukuklary boýunça dialogyň mejlisini Aşgabatda geçirmek bilen baglanyşykly teklipler beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Halkara Oba hojalyk ösüş gaznasyna (IFAD) agza bolmagy bilen bagly degişli işleri geçirmäge başlamak, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen bilelikde şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumy geçirmek teklip edilýär.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine 2024-2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, “Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň noutbuk kompýuterlerini satyn almagy hakynda” Karara gol çekdi.

23-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine “Krokus siti hol” konsert zalynda bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistanyň terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýandygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda türkmen tarapynyň lukmançylyk kömegini bermäge, derman we beýleki zerur serişdeleri ibermäge taýýardygy bellenildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz ejir çeken çagalary häzirki zaman lukmançylyk we sagaldyş merkezlerinde beden hem-de ruhy taýdan sagalmaklary üçin Türkmenistanda kabul etmek baradaky teklibi beýan etdi.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkiýäniň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy häzirki wagtda Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýändigini, onuň geljek okuw ýylynyň başynda ulanmaga beriljekdigini habar berdi.

Geçen hepdede Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi — gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler. Bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek işlerine oba hojalyk maksatly ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan hususy önüm öndürijiler hem işjeň gatnaşýarlar.

Türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyza Gutlagynda bellenilişi ýaly, Gündogar halklarynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýän Nowruz ynsanperwerligiň, agzybirligiň hem-de dost-doganlygyň baýramydyr. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Arkadag şäherinde geçirilen dabaralarda türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasynyň köpöwüşginliligi, ýokary döredijilik ruhy öz beýanyny tapdy.

23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň, şol sanda köpugurly stadionyň, seýilgähleriň, şäheriň ýol-ulag ulgamyna degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şunda dowam edýän gurluşyk işleri, guruljak binalar üçin bezeg serişdelerini saýlap almak, binalaryň ýokary hil derejesini we bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmegini üpjün etmek, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça gaznanyň ştab-kwartirasynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri, lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary derejede guramak, gaznanyň alyp barýan ynsanperwerlik işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan tutumly işleriniň, Nowruz baýramy mynasybetli guralan dabaralaryň şatlykly pursatlarynyň aýdyň beýany bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny giňden açyp görkezdi.