Ï Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy we türkmen medeniýetiniň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy Moskwada geçirilen ylmy maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy we türkmen medeniýetiniň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy Moskwada geçirilen ylmy maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2326
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy we türkmen medeniýetiniň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy Moskwada geçirilen ylmy maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy

Moskwada «Magtymguly Pyragy – türkmen medeniýetiniň dünýä siwilizasiýasyna goşandy» atly halkara maslahaty geçirildi.

Gündogaryň we türkmen edebiýatynyň nusgawy dana şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan çäräni Ýewraziýa halklarynyň assambleýasy, Moskwanyň türkmen medeniýet jemgyýeti we WKŞ-nyň uçurymlary Assosiasiýasy guradylar.

Garyşyk görnüşde geçirilen maslahata jemgyýetçilik-syýasat işgärleri, Türkmenistanyň we Russiýanyň medeniýet işgärleri, Ýewraziýanyň diplomatik wekilhanasynyň wekilleri, ýazyjylar we ylym bileleşiginiň bilermenleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň türkmen we dünýä medeniýetine bahasyna ýetip bolmajak goşandyny bellediler.

TÜRKSOÝ halkara guramasynyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi beýik türkmen şahyrynyň döredijiliginiň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşyga gatnaşyjylary mübärekläp, U.D.Aliýew adyndaky Karaçaý-Çerkes döwlet uniwersitetiniň rektory Tuasoltan Aubekirowiç Uzdenow Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmenleriň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň iň görnükli wekillerinden biridigini nygtady. Onuň eserleri okyjylar köpçüligine ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. 

Magtymguly Pyragynyň çuňňur manyly filosofiki eserleri saz, teatr, kino we şekillendiriş sungatynda öz beýanyny tapdy.

Sungat işgärleri teatr sahnasynda we kinoda Magtymguly Pyragynyň keşbini döretmek baradaky pikirlerini aýtdylar. Şeýle hem «Magtymguly halk diplomatiýasynyň aýdyň mysaly», «Türkmen halkynyň durmuşyny beýan edýän halk döredijiligi we edebiýaty», «Magtymguly Pyragynyň ýoly bilen – Gürgenden Türkistana çenli», «Magtymgulynyň goşgularyna türkmen kompozitorlarynyň wokal we hor eserleri» temalaryndan çykyşlar boldy.

Maslahatyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň Moskwada guramaga niýetlenen heýkeller sergisiniň tanyşdyrylyşy boldy.