Ï ITF-niň baştutany: «Türkmenistan ajaýyp sport desgalary we uly tennis mümkinçilikli ýurt»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ITF-niň ýolbaşçysy: «Türkmenistan ajaýyp sport desgalary we uly tennis mümkinçilikli ýurt»

view-icon 2111
ITF-niň ýolbaşçysy: «Türkmenistan ajaýyp sport desgalary we uly tennis mümkinçilikli ýurt»

Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) prezidenti Dewid Haggertiniň we Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) prezidenti Ýuriý Polskiniň ýurdumyza ilkinji iki günlük sapary Türkmenistanyň sport durmuşynda möhüm waka boldy.

2015-nji ýyldan bäri Halkara Olimpiýa komitetiniň 66 ýaşyndaky agzasy Dewid Haggertiniň ýolbaşçylygyndaky Halkara tennis federasiýasynyň hatarynda 210 milli birleşik bar. 45 agzasy bolan Aziýa tennis federasiýasynyň prezidentligine geçen ýyl Gazagystanyň tennis federasiýasynyň 56 ýaşly wise-prezidenti Ýuriý Polýanskiý saýlandy.

2023-nji ýylda ATF-nyň Bangkokda (Tailand) geçirilen kongresinde Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) 33 ýaşly başlygy Eziz Döwletowyň Aziýa tennis federasiýasynyň wise-prezidentligine bellenilmegi we bu yklym guramasynyň direktorlar geňeşine saýlanmagy ýurduň sport durmuşynda möhüm waka boldy. Mundan başga-da, TTF-nyň başlygy 2024-2025-nji ýyllarda Masters ýaryşlaryny geçirmek boýunça Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) komitetine saýlandy.

ATF-nyň şol kongresinde Türkmenistan Tennis federasiýasynyň Aşgabatda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýa toparynyň çempionatyny guramakdaky işlerine Aziýa tennis federasiýasy ýokary baha berdi. 2023-nji ýylyň iýunynda türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesinde Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen sebit çempionatyna ATF ýolbaşçylary tennis ýaryşlaryny guramagyň ýokary nusgasy we mysaly diýip baha berdiler.

Şeýle hem 2023-nji ýylda Türkmenistanyň tennisçileri rekord derejede – 40 medal eýelediler. Olaryň 13-si altyn, 10-sy kümüş we 17-si bürünç medallardyr.

Mundan başga-da, türkmen tennisçisi Ilima Guseýnowa 2024-nji ýylyň 6-njy aprelinden 20-nji apreline çenli Malaýziýada geçiriljek 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda abraýly Uimbldon ýaryşynyň saýlama tapgyryna ilkinji gezek gatnaşar. Ol Aziýa tennis federasiýasynyň görkezijisinde 4-nji orny eýeläp, şeýle hukuk gazandy.

Milli sport taryhynda bolup geçen bu möhüm wakalar Halkara tennis federasiýasynyň ünsüni özüne çekdi, onuň baştutany Dewid Haggerti Aşgabat şäherine eden sapary wagtynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanda tennisiň ösüşine goşan goşandy üçin ITF-nyň şahadatnamasyny gowşurdy.

«Jenap Prezident Serdar Berdimuhamedow sporta ýakyndan ýardam berýär. Mundan başga-da, ol Milli olimpiýa komitetiniň hem prezidenti» diýdi.

Halkara tennis federasiýasynyň baştutany, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň sport infrastrukturasyny halkara tennis ýaryşlaryny, okuw-türgenleşik ýygnanşyklaryny we ussatlyk sapaklaryny geçirmek üçin ulanmak, beýleki şäherlerde tennis toplumlaryny gurmak, şeýle hem Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebit tennis merkezini döretmek boýunça meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşdy. Dewid Haggertiniň pikiriçe, munuň üçin ähli mümkinçilikler bar.

«Men köp ýurtda boldum, ýöne bu ýerde görenlerim meni haýran galdyrdy. Türkmenistan ajaýyp sport desgalaryna we uly tennis mümkinçiligine eýe ýurt. Olimpiýa şäherçesinde iri tennis ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli şertler bar. Şeýle hem Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow uly işler alyp barýar, ol sportuň dünýäde meşhur şu görnüşiniň ýurduňyzda ösmegine möhüm goşant goşdy» diýip nygtady.

Gysga wagtlyk saparyň dowamynda ýokary derejeli myhmanlar Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň wekilleri bilen hem duşuşdylar. Hökümetiň bu ugra gözegçilik edýän wise-premýeri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdylar, şeýle hem Aşgabadyň sport düzümleri bilen tanyşdylar.