Ï Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty dowam edýär

view-icon 2771
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty dowam edýär

2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagy netijesinde dörän gysga wagtlyk arakesmeden soň ýokary liganyň klublarynyň arasynda ýurduň çempionaty dowam etdirildi.

Milli çempionatyň dördünji tapgyry Baýramalyda we Türkmenbaşy şäherinde geçirilen oýunlar bilen açyldy.

Baýramalyda geçirilen birinji oýunda Marynyň «Merwi» paýtagtyň «Köpetdagyny» kabul etdi. Duşuşygyň ykbaly oýnuň birinji ýarymynda myhmanlaryň derwezesine iki pökgi girensoň çözüldi. Guwanç Berdimyradow (14-nji we 38-nji minutlarda) tora iki top girizdi. Arakesmeden soň Tofik Şükürowyň topary 51-nji minutda Döwletmyrat Seýitmuhammedowyň kömegi bilen bir jogap pökgisini geçirdi.

2:1 hasabynda ýeňiş gazanan «Merw» 6 utuk bilen bäşinji orna çykdy. Ilkinji gezek ýeňilen «Köpetdag» bolsa 2 utuk bilen soňky orunda galdy.

Indiki tapgyrda «Köpetdag» 3-nji aprelde Türkmenbaşynyň «Şagadamyny» kabul eder, «Merw» bolsa şol gün garşydaşynyň meýdançasynda «Energetik» bilen oýnar.

«Şagadamdan» 0:1 hasabynda utulan «Aşgabat» 4-nji tapgyrda ilkinji ýeňlişe sezewar boldy. Bu oýundaky esasy wakalar oýna berlen goşmaça wagtda bolup geçdi. Meýdança eýeleri üçin ýeňiş pökgüsini 92-nji minutda Emir Berdiýew 11 metrlik jerime urgusyndan tora girizdi.

Şol wagta çenli Begmyrat Pirgulyýewiň 80-nji minutda iki sany sary kartoçka berlenden soň meýdançadan çykarylmagy zerarly myhmanlar azlykda oýnadylar. Emma 94-nji minutda birbada Myrat Dädäýew bilen Hydyr Ýakubowyň meýdançadan çykarylmagy netijesinde indi deňiz kenarynyň topary azlykda galdy. Emma Seýit Seýidowyň oýunçylaryna oýunçy artykmaçlygyndan ýerlikli peýdalanmaga wagt az boldy.

Bu ýeňişden soň 6 utuk toplan «Şagadam» ýaryşda dördünji orna çykdy, üç oýunda ýeňilmän, indi utulan «Aşgabat» bolsa 7 utuk bilen ilkinji üçlükde galdy.

5-nji tapgyrda «Aşgabat» 2-nji aprelde öz meýdançasynda «Arkadag», «Şagadam» bolsa şondan bir gün soň «Köpetdag» bilen oýnar.