Ï Türkmenistan ITF bilen 2028-nji ýyla çenli tennisi ösdürmek meýilnamasyna gol çeker
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan ITF bilen 2028-nji ýyla çenli tennisi ösdürmek meýilnamasyna gol çeker

view-icon 444
Türkmenistan ITF bilen 2028-nji ýyla çenli tennisi ösdürmek meýilnamasyna gol çeker
camera-icon
Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyňky

Türkmenistan Halkara tennis federasiýasy (ITF) bilen ýurdumyzda sportuň bu görnüşini 2028-nji ýyla çenli ösdürmek meýilnamasyna gol çeker. Gonkongda Halkara tennis federasiýasynyň Baş assambleýasynyň çäklerinde geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow bilen ITF-iň baştutany Dewid Haggertiniň arasynda degişli ylalaşyk gazanyldy.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynda (TTF) habar berlişi ýaly, gol çekmäge taýýarlanylýan resminama 213 milli tennis guramasyny birleşdirýän iň iri abraýly halkara sport guramasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň mart aýynda Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) başlygy Dewid Haggerti Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) başlygy Ýuriý Polskiý bilen Türkmenistana ilkinji gezek geldi. Iki günlük saparyň dowamynda myhmanlary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kabul etdi. Duşuşykda ITF-iň we ATF-iň sporty höweslendirmek we goldamak, jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini döretmek meselesine aýratyn üns berilýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.

Ýurdumyzda bu ugurda uly üstünlik gazanylandygyny belläp, jenap Dewid Haggerti döwlet Baştutanyna Türkmenistanda tennisiň ösmegine goşan goşandy üçin ITF-iň şahadatnamasyny gowşurdy.

Şu ýyl Aziýanyň tennis federasiýasy Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumyny «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýip ykrar etdi. Degişli şahadatnamany 1-nji iýunda ITF-iň Aziýanyň tennisiň ösüşi boýunça wekili Seýedamir Borghei Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen dabarada gowşurdy.

Gonkongda geçirilen gepleşiklerde TTF-iň we ITF-iň ýolbaşçylary 2025-nji ýylda tälimçiler üçin okuw maslahatyny geçirmek, şeýle hem maýyplar üçin tennis sportuny ösdürmek ýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin Aşgabat şäherindäki «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezinden» peýdalanmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Milli ýygyndy toparyň agzalary türkmen tennisçileriniň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak üçin daşary ýurtly hünärmeni çagyrmak meselesi gozgaldy.

Duşuşygyň ahyrynda ITF-iň başlygy 17–25-nji noýabry aralygynda Bahreýniň Isa-Taun şäherinde geçiriljek Dewisiň Kubogy ugrunda ýaryşda türkmen toparyna üstünlik arzuw etdi.

ITF-iň Baş assambleýasyndan soň milli federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň arasynda bilelikde oýnamakda tennis ýaryşy guraldy, oňa 80-den gowrak adam gatnaşdy. Eziz Döwletowyň Latwiýa tennis federasiýasynyň wekili Irina Kuzmina-Rimşa bilen bilelikde çykyş edip, birinji orna we altyn medala mynasyp bolmagy begendirýär.

Bu Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygynyň ilkinji üstünligi däldir. Geçen ýyl Meksikanyň Kankun şäherinde geçirilen ITF-iň kongresiniň wekilleriniň arasynda geçirilen şeýle ýaryşda hem ol Hindistandan Aditya Kanna bilen bilelikde oýnap, şeýle üstünlik gazandy.

34 ýaşly sport ussady, Aziýa we Okeaniýa zolagynyň Dewisiň Kubogy ýaryşynyň IV toparynyň ýeňijisi, halkara we milli ýaryşlaryň ençemesinde baýrakly orunlary eýelän Eziz Döwletow 2022-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Tennis federasiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Geçen ýyl Bangkokda (Tailand) geçirilen Aziýa tennis federasiýasynyň kongresinde ol ATF-nyň wise-prezidenti wezipesine bellendi we bu yklym guramasynyň direktorlar geňeşine, şeýle hem 2024-2025-nji ýyllarda Masters ýaryşlaryny geçirmek boýunça Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) komitetine saýlandy.