Ï Türkmen telewideniýesi Hally bagşynyň 165 ýyllygyna bagyşlanan gepleşigi görkezer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen telewideniýesi Hally bagşynyň 165 ýyllygyna bagyşlanan gepleşigi görkezer

view-icon 3056
Türkmen telewideniýesi Hally bagşynyň 165 ýyllygyna bagyşlanan gepleşigi görkezer

30-njy martda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Miras» teleýaýlymy üçin Hally bagşynyň 165 ýyllygyna bagyşlanan gepleşigiň ýazgysy amala aşyryldy.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ol däp bolup gelýän milli aýdym-sazyň buýsanjy we şöhraty bolup duran türkmen bagşylarynyň ajaýyp gatlagynyň iň görnükli wekilleriniň biridir. Türkmeniň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen, bagşyçylyk senedi tutuş adamzat baýlygyna öwrüldi.

Olaryň Magtymguly Pyragynyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň, Magrupynyň, Kätibiniň we beýleki nusgawy şahyrlaryň sözlerine aýdan aýdymlary nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny saklap galmak bilen, asyl görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarow öz ýatlamalarynda halypasy Hally bagşynyň «Ak ýüzli Maralym» aýdymy ähli bagşylar üçin ussatlyk nusgasy hasaplanýan meşhur Durdy bagşynyň şägirtleriniň biri bolandygyny belläp geçipdir.

Şu hakykat we Hally bagşynyň durmuşy hem döredijilik ýoly bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar barada konserwatoriýanyň professory, Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Nurymow, Sungaty öwreniş ylmynyň doktory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çaryýar Jumaýew we konserwatoriýanyň saz etnografiýasy barlaghanasynyň uly ylmy işgäri Atageldi Mämmetgulyýew dagy gürrüň berdi.

Bagşynyň aýdan aýdymlaryndan Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Rejepdurdy Begenjowyň ýerine ýetiren «Çäre ýokdur», Türkmenistanyň halk bagşysy Şemşat Hojaýewanyň aýdan «Hal iki ýandan», Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Merdanguly Baýramowyň ýerine ýetiren «Amman-amman», Magtymguly Magtymgulyýewiň aýdan «Babajyklar» we konserwatoriýanyň talyby Merdan Baýramgeldiýewiň ýerine ýetiren «Elden gider» aýdymlary Hally bagşynyň döredijiliginiň aýdym-sazly beýany boldy. 

Maksatnamanyň konsert bölüminde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Meýlis Goçmyradowyň döreden we ýerine ýetiren «Şanly baýram-toýy Magtymgulynyň», şeýle hem «Bagşy sen» aýdymlary-da ýaňlandy.