Ï Döwrebap ýyladyşhanalaryň berekedi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwrebap ýyladyşhanalaryň berekedi artýar

view-icon 1624
Döwrebap ýyladyşhanalaryň berekedi artýar
camera-icon
Andreý Pakulow

Berkarar döwletimizde milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk toplumyny, aýratyn hem onuň köpugurly gaýtadan işleýän pudagyny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini, şol sanda hususyýetçiligi ösdürmek üçin uly aladalar edilýär. Şonuň netijesinde döwletli Diýarymyzda ösen tehnologiýalara, kämil tilsimatlara, innowasion usullara daýanýan telekeçilik ulgamynda ýokary netijeler gazanylýar.

Balkan welaýatynyň Balkanabat, Türkmenbaşy şäherlerinde hem-de Bereket, Gyzylarbat, Magtymguly etraplarynda nusgalyk hil ülňülerine laýyk gurlup, geçen ýyllaryň dowamynda işe girizilen döwrebap ýyladyşhanalar hem şeýle giň gerimli toplumlaýyn aladalaryň ajaýyp miweleridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzalaryna degişli bolan bu ýyladyşhanalarda ýylyň dört paslynda-da gök önümleriň bereketli hasyly ýetişdirilýär. Balkanly telekeçileriň ýadawsyz zähmeti netijesinde gazanylýan önümçilik görkezijilerem hususy pudagyň okgunly, depginli ösüşlerine doly güwä geçýär.

Dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň kuwwatly, kämil enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen ýyladyşhanalardaky işler ösen tehnologiýalar esasynda alnyp barylýar. Ýeri gelende aýtsak, olaryň ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerem talabalaýyk ýola goýlupdyr. Şeýle-de gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenilen ýyladyşhanalar iş orunlarynyň köpüsini döretmäge mümkinçilik berdi.

Şu günlerde hem ýyladyşhanalarda agrotehniki talaplara laýyk ýetişýän täze pomidoryň, hyýaryň, bolgar burçynyň hasyllaryny ýygnamak işleri guramaçylykly dowam edýär. Şu işler bolsa tomsuň birinji aýynyň ahyryna çenli tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Şeýlelikde, gürrüňi edilýän ýyladyşhanalaryň ýyllyk taslama kuwwatlygyna laýyklykda, alynýan hasyllaryň umumy möçberi diňe içerki bazarlary däl-de, eýsem, daşarky sarp edijilere ibermäge-de mümkinçilik döredýär. Muňa bolsa bäsleşige ukyply, ekologiýa taýdan arassa hasyllaryň Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan, Özbegistan Respublikalaryna yzygiderli ugradylyp durulmagam şaýatlyk edýär.

Ýakyn geljekde-de ussat telekeçiler döwrebap ýyladyşhanalarynda ýetişdirýän gök önümlerini gaýtadan işleýän önümçiligi ýola goýmagy meýilleşdirýärler. Şonuň ýaly-da telekeçileriň nusgalyk derejede alyp barýan asylly işleri agrosenagat we telekeçilik ulgamlarynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň şirin miweleri bolup, onuň baý milli tejribämizden hem-de dünýä nusgalaryndan gözbaş alýandygy hasam guwançly ýagdaýdyr.