Ï «Ajaýyp-gurluşyk» Daşoguzda täze saglyk merkezini gurýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ajaýyp-gurluşyk» Daşoguzda täze saglyk merkezini gurýar

view-icon 4412
«Ajaýyp-gurluşyk» Daşoguzda täze saglyk merkezini gurýar

Daşoguzda täze saglyk merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Döwrebap saglygy goraýyş merkezi, Halkara howa menziline barýan awtoulag ýolunyň ugrunda gurulýan şäherdäki täze ýaşaýyş toplumynda «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan gurulýar.

Iki gatly täze binanyň umumy meýdany ýarym gektara deňdir. Häzir binanyň düýbi tutuldy we birinji gatyň daýanç sütünleri gurulýar. Täze edara häzirki wagtda bu görnüşdäki binalara biziň ýurdumyzda goýulýan ýokary talaplara doly laýyk geler.

Onda registratura, administratiw we lukmançylyk bölümleri, bejeriş otaglary, barlaghana, dermanhana we başga-da dürli otaglar gurlar. Binanyň gurluşygynda ýokary hilli, uzakmöhletleýin ulanmaga ýaramly we ekologiýa taýdan howpsuz bolan häzirki zaman gurluşyk önümleri ulanylar.

Täze saglyk merkezini ilata giň bejeriş we anyklaýyş hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýän häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Bina Daşoguzyň iň köp ilatly ýerleriniň birine öwrüljek täze toplumyň ýaşaýjylaryna hyzmat etmek üçin niýetlenendir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem saglygy goraýyş pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin giňişleýin çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Diňe soňky ýyllarda bu ýerde 450 orunlyk häzirki zaman köp ugurly hassahana we 150 orunlyk onkologiýa klinikasy ýaly köp sanly täze bina işe girizildi. Welaýatyň ähli künjeklerinde, şol sanda oba ýerlerinde hem saglygy goraýyş çäreleri yzygiderli ösdürilýär.

Şeýlelik bilen, soňky ýyllarda bu ýerde köp oba saglyk öýleri we saglyk merkezleri guruldy, birnäçesiniň bolsa durky täzelendi.