Ï Türkmenistanyň «Uly Aziýa» metbugat topary bilen hyzmatdaşlygy oňyn gün tertibini öňe sürmäge gönükdirilendir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň «Uly Aziýa» metbugat topary bilen hyzmatdaşlygy oňyn gün tertibini öňe sürmäge gönükdirilendir

view-icon 1982
Türkmenistanyň «Uly Aziýa» metbugat topary bilen hyzmatdaşlygy oňyn gün tertibini öňe sürmäge gönükdirilendir

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, geçen hepdede guralan uly dabaralar we olara gabat getirilen «Türkmen topragy gadymy siwilizasiýanyň merkezidir» atly halkara metbugat forumy we «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary» atly halkara maslahat daşary ýurt KHS-iň köpüsinde, şol sanda «Uly Aziýa» saýtynda-da öz giňişleýin beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Arslan Aşyrow we «Uly Aziýa» metbugat toparynyň baş direktory Aleksandr Lebedewiň Aşgabatda geçen mediaforumda gol çeken maglumat pudagynda hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyk «Uly Aziýanyň» tomaşaçylaryny Türkmenistanyň täzelikleri baradaky maglumat bilen has yzygiderli we öz wagtynda üpjün etmegiň esasy bolup durýar. Russiýanyň metbugat toparynyň baş direktory öz çykyşynda: «KHS-iň wezipesi gyzykly, oňyn gün tertibini döretmekdir, Türkmenistan bolsa hut ol hakynda ýazasyň gelýän ýurtdur» diýip belledi.

Taraplar oňyn gün tertibini öňe sürmek üçin ylalaşygyň çarçuwasynda öz teleýaýlymlarynyň, saýtlarynyň we jemgyýetçilik ulgamlarynyň maglumatlaryny birek-birege bermek barada ylalaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti «Uly Aziýa» metbugat toparyna Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, däp-dessury, ylmy we tehnologiýalary, syýasaty, ykdysadyýeti, telekeçiligi, syýahatçylygy, sporty, durmuş terzi barada rus dilinde metbugat materiallaryny iberip durar. Bu materiallar «Uly Aziýa» teleýaýlymynda, şeýle hem «Aziýa ýurtlary» rubrikasynda täzeliklerde we bigasia.ru saýtynyň Türkmenistan baradaky bölüminde ýaýlyma berler.

Taraplaryň ylalaşygy ýany bilen maglumat berilmäge gönükdirilen çäreleri guramak we olara gatnaşmagy, şeýle hem B2B we B2G segmentlerde taslamalary öňe sürmegi göz öňünde tutýar.