Ï Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Taýlandda geçýän 2024-nji ýylyň Dünýä kubogynda çykyş etmäge başlaýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Taýlandda geçýän 2024-nji ýylyň Dünýä kubogynda çykyş etmäge başlaýarlar

view-icon 2297

Phuketde (Taýland) başlanan agyr atletika boýunça Dünýä kubogyna Türkmenistandan dokuz türgen gatnaşar.

Bu ýaryşlar 110 ýurtdan 459 (231 erkek, 228 zenan) türgeni bir ýere jemledi. Olar 12-nji aprele çenli on erkek we on zenan agram toparynda medallar ugrunda bäsleşerler, şeýle hem 2024-nji ýylda Parižde geçjek Olimpiýa oýunlaryna bäş agram toparynda: erkekler (61 kg çenli, 73 kg, 89 kg, 102 kg we 102 kg-den ýokary), zenanlar (49 kg, 59 kg, 71 kg, 81 kg we 81 kg-den ýokary) gatnaşmaga hukuk ugrunda bäsleşerler.

Ozal kabul edilen täze rejä laýyklykda, Pariž oýunlarynyň medallary ugrunda agyr atletika boýunça ýaryşlarda 10 (5 erkekler, 5 zenanlar üçin – Tokio olimpiadasyndakydan dört topar az) toparda 120 türgen bäsleşer. Şonda her agram toparynda Parižde 12 agyr atletikaçy, ýagny ýaryşa Ýaponiýanyň paýtagtyndakydan iki adam az gatnaşar.

Şonuň üçin her bir Milli olimpiýa komiteti (MOK) bir agram topary üçin iň köpi bir kwota we erkekler hem-de zenanlar üçin jemi üç kwota (Tokio olimpiadasynda dörtdi) alyp biler. 

Phuketdäki Dünýä kubogy 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlary üçin jemleýji saýlama tapgyrdyr. Şonuň üçin-de bu ýaryşlarda biziň agyr atletikaçylarymyzyň öňünde diňe bir wezipe durýar – iň ýokary netije görkezmek.

Türkmenistanyň toparyndaky zenanlardan Taýlandyň hormat sekisine Kristina Şermetowa (59 kg çenli) we Enemjan Rustamowa (81 kg çenli), erkeklerden bolsa Seýitjan Mirzaýew (61 kg çenli), Bunýat Raşidow, Bektimur Reýimow (ikisi-de 73 kg çenli), Maksat Meredow (81 kg çenli), Gaýgysyz Töräýew, Şatlyk Şöhradow (ikisi-de 89 kg çenli), Dawranbek Hasanbaýew, Şahzadbek Mätýakubow (102 kg çenli) we Hojamuhammet Toýçyýew (109 kg-den ýokary) dagy çykarlar.

Iki aý mundan öň Daşkentde geçen olimpiada gatnaşmaga hukuk ugrunda bäsleşilen Aziýa çempionatynda türkmen agyr atletikaçylary üç bürünç medal gazandylar.

Enemjan Rustamowa şonda 81 kg çenli agram toparynda silterläp götermekde bürünç medala mynasyp boldy (105 kg). Ýöne ol ýaryşyň «öý bikesi» özbegistanly Rigina Adaşbaýewadan (107 kg) we koreýaly Kim Suhýondan (110 kg) asgyn geldi. Itekläp götermekde bolsa onuň ýekeje synanyşygam üstünlikli bolmady, netijede çykyşyny şowsuz tamamlady. 

2024-nji ýylyň Aziýa çempionatynyň beýleki iki bürünç medalyny itekläp götermekde we iki görnüşli ýaryşyň jeminde Gaýgysyz Töräýew gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby bu üstünligi olimpiada degişli däl 81 kg çenli agram toparynda gazandy, bu toparda medal ugrunda 10 türgen bäsleşýärdi. Şonda Gaýgysyz iki maşkyň jeminde 337 kg (silterläp götermek – 148 kg, itekläp götermek – 189 kg), ýagny özüniň Er-Riýadda (Saud Arabystanyda) geçen çempionatynda görkezen iň gowy netijesinden 6 kg az göterdi, şonda ol itekläp götermekde 193 kg, iki görnüşiň jeminde 343 kg götermek bilen, bürünç medala mynasyp bolup, altynjy orny eýeläpdi.

Phuketde geçýän häzirki Dünýä kubogynda Gaýgysyz Töräýew özi üçin täze olimpiýa toparynda – 89 kg çenli toparda ilkinji gezek çykyş eder.