Ï «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

view-icon 3316
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda 2023-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda ýerine ýetirilen işlere giňişleýin seljerme berilýär, şeýle hem “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenilýär.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynda ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini, hususan-da, jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim, şol sanda senagatda 4,3 göterim, söwdada 12,8 göterim, oba hojalygynda bolsa 4,4 göterim bolandygyny nygtady. Maýa goýumlaryň möçberi 7,5 göterim artdy. “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, şu ýyl welaýatlarda, paýtagtymyzda ençeme desgalaryň, binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara çäreleriň geçiriljekdigini nygtady.

Žurnaldaky “Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly makalada bu gurama bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň milli mirasymyzy gorap saklamak, wagyz etmek üçin esasy şertleriň biri bolan halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we berkitmäge giň mümkinçilikleri açýandygy bellenilýär. Nygtalyşy ýaly, 2021 — 2023-nji ýyllar hyzmatdaşlygyň geçen 30 ýylynyň dowamynda iň netijeli ýyllar boldy. Bu döwürde türkmen keşdeçilik sungaty, dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Geçen ýylyň dowamynda bolsa ýurdumyzyň Bereketli Garagum, Gaplaňgyr we Repetek goraghanalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi” atly hödürnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Amul galasy hem-de Mary welaýatyndaky 6 sany taryhy ýadygärlik ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Mundan başga-da, Nowruz baýramy, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Şeýle-de geçen ýylda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy.

“Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we hukuk ulgamynyň ösüşi” atly makalada Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek, döwletimiziň konstitusion gurluşynyň esaslaryny berkidýän kadalaryň mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berilýär. Nygtalyşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilen kanunlar ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamynyň barha kämilleşdirilýändigini, mazmunynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny görkezýär. Şeýle hem “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde umumadamzat gymmatlyklarynyň beýany” atly makala okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Onda Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň çuňňur ideologik mazmuny beýan edilýär. Beýik akyldaryň şygryýeti häzir hem ahlaklylygyň, watançylygyň çeşmesi, ösüp gelýän ýaş nesil üçin terbiýe mekdebi bolup durýar.

“Türkmenistanda zähmeti goramak hakynda kanunçylygyň ösüşi” atly makala ýurdumyzda zähmeti goramak baradaky kanunçylygy has-da kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işlere bagyşlanypdyr. “Konstitusion ýörelgeler we milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi” atly makalada ýurdumyzyň hukuk esaslaryny berkitmegiň hem-de kanunçylygy kämilleşdirmegiň meselelerine garalýar. “Hususy telekeçilikde françaýzing şertnamasynyň orny” atly makalada bolsa hususy telekeçiligi goldamagyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridigi we giň gerimli döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen berk baglanyşyklydygy bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmek, onuň milli ykdysadyýetimizdäki ornuny pugtalandyrmak boýunça kanunçylyk esasynda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Makalada telekeçilik işinde françaýzing şertnamasynyň ösdürilmegine aýratyn üns çekilýär. Işewürligiň bu görnüşi ozal synagdan geçen hem-de özüni ödän tehnologiýalary, eýýäm belli we meşhur bolan nyşany peýdalanmaga, öwrenmäge, işiň dowamynda zerur bolan maslahatlary almaga mümkinçilik berýär. Françaýzing kiçi telekeçilik üçin amatly başlangyç şertleri döredýär.

Däp bolşy ýaly, neşir «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Bu bölümde okyjylaryň dykgatyna abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen duşuşyklara, maslahatlara, mejlislere we beýleki çärelere syn berilýär.