Ï «Ahal» futbol topary öňdelik ugrundaky göreşde «Arkadag» toparynyň yzyndan ýetmek mümkinçiligini elden gidirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» futbol topary öňdelik ugrundaky göreşde «Arkadag» toparynyň yzyndan ýetmek mümkinçiligini elden gidirdi

view-icon 1724
«Ahal» futbol topary öňdelik ugrundaky göreşde «Arkadag» toparynyň yzyndan ýetmek mümkinçiligini elden gidirdi
camera-icon
tff.com.tm

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 5-nji tapgyry Aşgabatda, Maryda we Ahal welaýatynda oýnalan üç oýun bilen tamamlandy.

«Ahal» toparynyň AFK kubogynyň 2018-nji ýyldaky finalçysy, ýurduň häzirki wise-çempiony «Altyn asyr» topary bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde bolup geçen duşuşygy has-da gyzykly boldy. 

Duşuşygyň ykbaly eýýäm oýnuň birinji ýarymynda, «Ahalyň» derwezesine iki sany jogapsyz pökgi girende çözüldi. 26-njy we 38-nji minutlarda geçen gollaryň ikisi-de Selim Nurmyradowyň hasabyna ýazyldy.

2:0 hasabynda ýeňiş gazanan «Altyn asyr» 6 utuk bilen altynjy orunda ornaşdy. «Ahal» bolsa yzly-yzyna ikinji gezek ýeňlişe sezewar bolup, 12 utuk bilen öňde barýan «Arkadag» toparynyň yzyndan ýetmek mümkinçiligini elden gidirdi. «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň 9 utugy bolan topary ýaryş tertibinde üçünji orny eýeleýär. Häzirki tapgyrdan soň Marynyň «Merwiniň» we Türkmenbaşynyň «Şagadamynyň-da» şonça utugy bar.

«Merw» garşydaşyň meýdançasynda geçen Mary duşuşygynda 56-njy minutda Kemal Annamuhammedowyň salan goly bilen «Energetigi» 1:0 hasabynda utdy. «Şagadam» bolsa 4:1 hasabynda Aşgabatda «Köpetdagdan» üstün çykdy. Ýeňijilerden Röwşen Baýlyýew (10-njy minut), Mekan Aşyrow (29-njy minut – jerime urgusyndan), Arslan Ýollyýew (45-nji) we Hydyrgeldi Atjanow (54-nji) dagy tapawutlandy.

Bu duşuşyklardan soň, degişlilikde, 2 we 1 utuk bilen sanawyň soňky setirlerinde duran «Köpetdag» bilen «Energetigiň» ýeňişsiz yzygiderliligi dört oýna çenli artdy.

Köp gol salanlaryň arasyndaky bäsleşikde «Arkadag» toparynyň 6 top salan hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew öňde barýar. Onuň topardaşy Arslanmyrat Amanow 4 (biri jerime urgusyndan) top salmak bilen, ikinji ýeri eýeleýär. Üçünji orny Begenç Akmämmedow («Arkadag»), Alibek Abdyrahmanow, Ýazgylyç Gurbanow (ikisiem «Ahal») we Selim Nurmyradow («Altyn asyr») dagy paýlaşýar, olaryň hersi 3 gol salypdyr.

Oýunlary 6-njy aprelde boljak 6-njy tapgyrda şu toparlar oýnar: «Şagadam» – «Energetik», «Arkadag» – «Köpetdag», «Altyn asyr» – «Aşgabat», «Nebitçi» – «Ahal».