Ï Gazagystanda «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gazagystanda «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

view-icon 1470
Gazagystanda «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

2024-nji ýylyň 8-nji aprelinde Gazagystanyň Türk akademiýasynyň binasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip, yglan edilmegine bagyşlan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türk akademiýasy bilen bilelikde guralan bu çärä Astana şäherinde bellige alnan diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, ylym we döredijilik adamlary şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze eseri, hususan-da, oba hojalygynyň gadymy merkezi hökmünde Änew şäheriniň taryhy, onuň täsin taryhy ýadygärlikleri, meşhur alymlar tarapyndan geçirilen arheologik gözlegler, Ahal welaýatynyň we onuň dolandyryş merkeziniň häzirki zaman ösüşi, Milli «Ak bugdaý» muzeýi hakynda jikme-jik gürrüň berdi. 

Türk akademiýasynyň wise-prezidenti, L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň professory, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwleti dolandyryş akademiýasynyň Gazagystanyň Strategik gözleg institutynyň baş bilermeni we akademiýanyň amaly gözleg institutynyň baş ylmy işgäri çärede çykyş etmek bilen, «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» kitabynyň ylmy we aň-bilimlik gymmatyna ýokary baha berdi we tutuş türk dünýäsine sowgat beren kitaby üçin awtora hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň Gündogaryň nusgawy akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasyny gorap saklamak hem wagyz etmek ugrundaky alyp barýan syýasatynyň ägirt uly ähmiýetini bellediler. Duşuşyga gatnaşanlar Türk akademiýasynyň zalynda açylan sergide Magtymguly Pyragynyň golýazmalary, onuň keşbi çekilen suratlar we goşgular ýygyndylary bilen tanyşdylar.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň ilçisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny Türk akademiýasynyň kitaphanasyna gowşurdy.