Ï Türkmenistan parahatçylyk dörediji strategiýany işjeň durmuşa geçirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan parahatçylyk dörediji strategiýany işjeň durmuşa geçirýär

view-icon 3691
Türkmenistan parahatçylyk dörediji strategiýany işjeň durmuşa geçirýär

Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygy ilerletmek: ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek” atly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar.

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Şunda ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri wagyz etmek, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek ugrunda uly tagallalary edýär. Halkara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerini ilerledip, medeni dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy berkitmek, özara ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, parahatçylyk döredijilikli işi amala aşyrýar. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça halkara giňişlikde öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan yzygiderli goldanylýar. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletleriň arasynda özara ynamy berkitmek ugrundaky tagallalarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.

Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän halkara hyzmatdaşlyk strategiýasy dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şonda hormatly Prezidentimiz ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjek täze başlangyçlary öňe sürdi. Forumda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Dünýäniň 86 döwleti onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Bu resminamanyň kabul edilmegi dünýä bileleşiginiň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy goramagyň zerurdygyny tassyklap, bu maksada ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge çalyşýandygyny aýdyň görkezdi. Kararnamanyň şeýle giň goldawa eýe bolmagy Bitarap Türkmenistanyň strategik maksatlarynyň umumy bähbitlere we meýillere laýyk gelýändiginiň, ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasyna, ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy. Ýeňil bolmadyk häzirki şertlerde Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň öz wagtynda öňe sürlendigi äşgär görünýär.

Soňra sanly ulgam arkaly BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiç çykyş edip, Baş Assambleýa tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli guralýan maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, munuň özi hemmeleri köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, dialogy we parahatçylyk döredijilik ýörelgelerini ösdürmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmäge çagyrýar. Bu ýörelgeler ählumumy durnukly geljegiň maksatlaryna ýetmekde möhüm serişde bolup çykyş edýär.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen 30 ýyla golaý wagt bäri dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Biziň ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, gülläp ösüşiň berkarar bolmagy ugrunda ähli tagallalary edýär. Häzirki wagtda adamzat ählumumy ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy we beýleki tebigaty goraýyş hem-de ekologik meseleleriň çözülmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlary ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly emele gelýän ýagdaýlaryň aradan aýrylmagy ugrundaky tagallalara işjeň goşulyşýandygyny subut edýär. Bu başlangyçlar howa boýunça Pariž ylalaşygynyň çäklerindäki umumy maksatlara laýyk gelýär we dünýäde durnuklylygy, parahatçylygy pugtalandyrmaga gönüden-göni ýardam berýär.

Iwana Žiwkowiç çykyşynyň ahyrynda maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze çykyşynyň başynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen we Aşgabatda hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bu düzüm sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, durnukly ösüşe ýardam etmek bilen bagly derwaýys meseleleri çözmekde Merkezi Aziýa döwletlerini we Birleşen Milletler Guramasyny özara baglanyşdyrýan netijeli gurala öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde parahatçylyk medeniýetiniň ilerledilmegine gönükdirilen tagallalary hemişe yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi.

Soňky ýyllaryň dowamynda halkara bileleşigiň goldaw bermeginde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça birnäçe Kararnama kabul edildi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmeginiň aňyrsynda bolsa gurama agza ýurtlaryň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we adam hukuklaryny ýokary gymmatlyklar hökmünde ykrar etmek üçin halkara bileleşigi ýüze çykýan meseleleri gepleşikler arkaly çözmäge çagyryş öz beýanyny tapýar.

Çykyşynyň ahyrynda Kaha Imnadze Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň mundan beýläk-de parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş, adam hukuklary ýaly esasy ugurlar boýunça bilelikdäki maksatnamalarydyr taslamalary amala aşyrmakda has ýakyn hyzmatdaşlyga hem-de tagallalary utgaşdyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko söz berildi. Ol çykyşynyň başynda hemmeleri Birleşen Milletler Guramasynyň adyndan gurama agza döwletleri ählumumy parahatçylygyň bähbidine gatnaşyklary özara ynanyşmak esasynda ösdürmäge çagyrýan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli gutlady.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy ählumumy parahatçylyk medeniýetini ilerletmekde möhüm orun eýeläp, ýüze çykýan meseleleriň çözgütlerini gözlemekde, dialogy pugtalandyrmakda netijeli halkara meýdança hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dialog we ynanyşmak arkaly parahatçylygy ýola goýmak boýunça yzygiderli tagallalary dünýä derejesinde uly ykrarnama eýe bolýar. Türkmenistanyň BMG bilen milli we halkara derejede alyp barýan hyzmatdaşlygy ýurduň parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýar. Türkmenistan milli derejede ileri tutýan garaýyşlaryny Birleşen Milletler Guramasynyň giň gerimli maksatlary bilen utgaşdyrmak arkaly döwletleriň we halkara guramalaryň arasyndaky sazlaşykly hyzmatdaşlyk esasynda parahat, birek-birege ynanyşykly dünýäni gurmagyň nusgasyny görkezýär. BMG-niň edaralary bilen özara gatnaşyklar arkaly gapma-garşylyklaryň öňüni almak, dialogy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalara yzygiderli goşant goşýar.

Durnukly ösüş maksatlary hemmeler üçin parahatçylygy we gülläp ösüşi üpjün etmegiň “Ýol kartasy” bolup çykyş edýär. Hut şonuň üçin-de BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça topary bu maksatlara ýetmek ugrunda bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy milli we sebit derejesinde parahatçylygy üpjün etmekde, ynanyşmagy pugtalandyrmakda jemgyýetçilik goldawynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda Dmitriý Şlapaçenko BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň parahatçylygy we ynanyşmagy, dialogy ösdürmek, gapma-garşylyklaryň öňüni almak, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary giňeltmek, hemmeler üçin parahat gurşawy emele getirmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işlerini goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Maslahatyň dowamynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregora söz berildi. Ol Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen Kararnamanyň ýüze çykýan düşünişmezlikleri syýasy-diplomatik gurallar arkaly parahatçylykly ýol bilen çözmäge ýardam etmäge, şol bir wagtda döwletleriň arasynda ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ynanyşmak we parahatçylyk medeniýetini ilerletmekde bilelikdäki tagallalaryň çäklerinde Türkmenistan we ÝHHG tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda beýik şahyryň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň eserlerinde ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri aýdyň beýanyny tapýar. Hut şu ýörelgeler hem ÝHHG-niň we Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarydyr. Gurama Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň mirasyny hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň binýadynda duran parahatçylyk söýüjilik, jebislik, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleri wagyz etmek boýunça Türkmenistanyň tagallalaryny goldaýar.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň öňdengörüjilikli syýasatynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan, Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Çžan Sýançen, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary we sebitleýin wekili Wiorel Gusu, BMG-niň Ýewropada we Merkezi Aziýada Durnukly ösüş maksatlaryny utgaşdyrmak boýunça sebitleýin direktory Gwi-Ýeop Son sanly ulgam arkaly foruma gatnaşyjylara ýüzlendiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Soňky ýyllarda toplanan oňyn tejribe ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde özara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini görkezýär.

Çykyş edenler Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň işjeň ornuna oňyn baha berip, häzirki döwürde bütin adamzady tolgundyrýan möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Soňra forum bölümçelerde öz işini dowam etdi.