Ï Rumyniýada geçiriljek “TIBCO — 2024” halkara sergisine Türkmenistanyň öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Rumyniýada geçiriljek “TIBCO — 2024” halkara sergisine Türkmenistanyň öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşar

view-icon 1682
Rumyniýada geçiriljek “TIBCO — 2024” halkara sergisine Türkmenistanyň öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşar

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew şu ýylyň 16 — 19-njy maýy aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçiriljek “TIBCO — 2024” halkara sergisine Türkmenistanyň öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşmagy boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy.

Bu iri möçberli sergide ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň, hususy haryt öndürijileriniň harytlaryny we hyzmatlaryny mahabatlandyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa täze eksport bazarlaryny açmaga, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli guralýan sergileriň, maslahatlaryň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Buharest şäherinde geçiriljek halkara sergide Türkmenistanyň öz sergisini guramak boýunça degişli işleri geçirmegi hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.