Ï «Barokko-Bagşy» – iki medeniýetiň, ýörelgeleriň we döwrüň dueti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Barokko-Bagşy» – iki medeniýetiň, ýörelgeleriň we döwrüň dueti

view-icon 1800
«Barokko-Bagşy» – iki medeniýetiň, ýörelgeleriň we döwrüň dueti
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Ýaşlar kamera orkestri bilen bilelikde fransuz pianinoçysy Joanna Gudalyň «Barokko-Bagşy» konserti geçirildi.

Konsertde Joanna Gudalyň klawesin sazyny fortepiano geçirip aranžirlemeginde XVIII asyr fransuz kompozitory Žan-Filipp Ramonyň eserleri ýaňlandy, ol awtoryň guş owazy temasyndan eserlerini saýlap alypdyr. Şeýlelik bilen, konsertiň birinji bölüminde diňleýjiler Žan-Filipp Ramonyň barokko ýörelgesinde döreden romantik sazlary bilen tanyşdylar.

Joanna Gudal diňe bir zehinli pianinoçy bolman, eýsem, sazda üýtgeşik synaglary etmäge ukyply zenan. «Barokko-Bagşy» taslamasy gadymy sazlary häzirki zaman sazlary, Gündogary Günbatar bilen birleşdirmek isleginden döräpdir. Joanna geçmişe, Beýik ýüpek ýolunyň döwrüne ýüz tutdy, şol döwürde syýahatçy-täjirler diňe bir maddy däl, eýsem, ruhy gymmatlyklary hem alşypdyrlar. Onda näme üçin Fransiýadan bir klawesin sazandasy we türkmenistanly dutarçy dürli yklymlary birleşdirýän sepgitleriň çatrygynda duşuşmaly däl?!

Sahna dutarçy Osman Güjimow çykýar. Ol Joanna Gudal bilen bilelikde «Nar agajy» türkmen halk sazyny çalýar. Fortepiano bilen dutar owazlary sepleşýär. Sazandalaryň şeýle duşuşyklarynyň Beýik ýüpek ýolunyň döwründe bolmandygyny aýdyp biljek barmyka? Munuň subutnamasy hökmünde bilelikde «Allemande» nemes tans sazy ýerine ýetirildi.

Konsertiň ahyrynda Joanna Gudal meşhur «Balsaýat» türkmen halk sazyny ýerine ýetirdi.

Türkmen diňleýjileri daşary ýurtly myhmanyň dutarçy Osman Güjimow bilen bilelikde çalan gadymy eserleriň ýerine ýetirişine gowy baha berdi.

Bu konsert «Barokko-Bagşy» taslamasyna badalga berdi. Joanna Gudal Türkmenistanda, Özbegistanda, Türkiýede çykyş eder. Fransuz pianinoçysy bu ýurtlaryň 9 şäherinde konsert berer.

Bu üýtgeşik konserti Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Aşgabatdaky Fransuz instituty guradylar.