Ï Berdinyýaz Rejepmedowyň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli konsert geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berdinyýaz Rejepmedowyň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli konsert geçirildi

view-icon 2135
Berdinyýaz Rejepmedowyň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli konsert geçirildi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň dosenti Berdinyýaz Rejepmedowyň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli konsert geçirildi.

Günüň gahrymanynyň sahnada peýda bolmagy gyzykly boldy – üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri ony «Bahar geldi ülkämize» atly öz döreden kompozisiýasy bilen garşy aldy.

Tomaşaçylar ör turdular we Berdinyýaz Rejepmedow dirižýoryň ýerinde öz ornuny eýeledi hem-de tomaşaçylaryň mähirli el çarpyşmalary bilen olara baş egdi.

Konsert maksatnamasyna iň gowy türkmen we daşary ýurt eserleri girizildi Juzeppe Werdi bilen Weli Muhatowyň, Ýogana Bramsyň we Aleksandr Warlamowyň, Feliks Mendelsonyň we «Baga seýle» türkmen halk sazy ýaňlandy. Konsertiň dowamynda kärdeşleri we talyplary günüň gahrymanyny gutlap, zaldaky tomaşaçylara özüni bütinleý aýdym-saz hyzmatyna bagyş eden Berdinyýaz Rejepmedowyň ömri we işi barada gürrüň berdiler.

Pedagog hökmünde ol TMK-niň ýanyndaky Ýörite çagalar sazçylyk mekdebinde köp ýyllap ýaş sazandalaryň ençemesine saz ugrundan bilim berdi, soňra konserwatoriýada ýaş talyplaryň bilim almagy üçin zähmet çekdi. Onuň ýurdumyzda aýdym-saz sungatynyň ösmegine goşan goşandy bahasyna ýetip bolmajak zatdyr. Mugallymçylyk işlerinden başga-da, konserwatoriýada üflenip çalynýan saz gurallarynyň orkestrini gurady. Okuwçylarynyň köpüsi meşhur sazandalar bolup ýetişdi. Berdinyýaz Rejepmedow ýaşlaryň zehinine hemişe biperwaý garamaýardy.

Werdiniň «Rigoletto» operasyndan ýokary perdä ýetenligi üçin ýubileý konsertinde-de adatdan daşary zehinine tüýs ýürekden minnetdarlygyň alamaty hökmünde Röwşen Baýramowy sahnada gujaklady.

Günüň gahrymanynyň dirižýorlyk etmeginde tomaşaçylar üçin Iogan Ştrausyň «Wenanyň marşy» eseri hem ýaňlandy. Ol orkestre hem, tomaşaçylara hem dirižýorlyk etmegi başardy. Tomaşaçylar dostlukly el çarpyşmalar bilen ýöriş heňini goldadylar. Konsert Çary Nurymowyň «Toý aýdymy» dabaraly eseri bilen tamamlandy.

Solistler Aýna Seýitgulyýewa, Röwşen Baýramow we Begenç Moşyýew aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Üç sany owadan ses birleşip, zehinli aýdym-saz mugallymyna bolan hormatlaryny görkezdiler.