Ï Balkan welaýatynyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini üstünlikli jemlediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan welaýatynyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini üstünlikli jemlediler

view-icon 2374
Balkan welaýatynyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini üstünlikli jemlediler

Berkarar Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda oba hojalyk toplumy, onuň gaýtadan işleýän senagaty buýsançly ösüşleri başdan geçirýär. Munuň hakykatdanam şeýledigine Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Balkan welaýatynyň maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler hem doly şaýatlyk edýär.

Tutuş Diýarymyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda ykdysady taýdan bähbitli bolan maldarçylygy ösdürmekde uly aladalar edilýär. Günbatar sebitde eýeçiligiň ähli görnüşlerinde jemlenen dowarlaryň, gara mallaryň, düýeleriň, guşlaryň, gylýallaryň baş sany barha artýar. Şeýle-de, olaryň köp böleginiň hususy eýeçilige degişli bolmagam raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarylygyny şertlendirýär. Sebitlerde döwlet eýeçiligindäki mallaryň baş sanynyň artýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Ýeri gelende aýtsak, sebitiň toprak-howa şertlerine görä, möhüm möwsüm ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna garanyňda, biraz giç başlanýar. Şeýle-de bolsa balkanly çarwadarlar bu jogapkärli möwsüme irki möhletlerde girişip, guramaçylykly geçirdiler. Has takygy, sonarly öri meýdanlar irgözinden saýlanyp alyndy. Ýataklardyr agyllaryň, guýularyň, çeşme-çaýlaryň ýagdaýy seljerildi. Çopanlara wagtlaýyn kömekçileriň berkidilmegi, hasabat işleriniň öz wagtynda takyk ýöredilmegi oňat netijeleriň gazanylmagyny doly üpjün etdi. Şeýdibem, balkanly maldarlar dowarlardan owlak-guzy, düýelerden hem köşek almak möwsümini üstünliklere beslediler.

Welaýatyň janypkeş maldarlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 49682 ene dowardan 45210 owlak-guzy almak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny abraý bilen berjaý etdiler. Günbatar sebitiň maldarçylyga ýöriteleşdirilen hojalyklarynda düýelerden köşek almak boýunça meýilnama hem 100 göterim berjaý edildi. Netijede hojalyklarda bakylýan 1633 ene düýeden alnan köşekleriň sany 735-e ýetdi. Elbetde, maldarlaryň gazanan zähmet üstünlikleri döwletimiziň maldarçylyk pudagyny ösdürmek, bu ugurda tutanýerli zähmet çekýän oba adamlaryny höweslendirmek baradaky aladalarynyň oňyn netijeler berýändiginiň anyk güwäsidir.

Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda alnan ýaş mallaryň hemmesi-de össürime goýberildi. Şu günlerde hem hojalyklaryň degişli hünärmenleri öri meýdanlarynda, çopanlaryň arasynda ýygy-ýygydan bolup, olaryň ýagdaýy, iş-durmuş şertleri bilen içgin tanşyp durýarlar. Bu bolsa möwsümleýin çäreleriň göwnejaý geçirilmegine, degişli işleriň hil derejesiniň ýokary bolmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Garagum sährasynyň jümmüşinde, Köpetdag, Balkan daglarynyň eteklerinde ýaýylyp ýatan bereketli ýaýlalarda bakylýan mallaryň semizlik derejesem gowy. Munuň özi, alnan ýaş mallaryň sagdyn bolmagyna ýardam etdi. Şeýle-de, olara weterinariýanyň talaplaryna laýyk pugta gözegçilik ýola goýuldy.