Ï «Oýunbazlar» operasy dünýä «Fenita lýa komediýa» jümläni peşgeş etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Oýunbazlar» operasy dünýä «Fenita lýa komediýa» jümläni peşgeş etdi

view-icon 2100
«Oýunbazlar» operasy dünýä «Fenita lýa komediýa» jümläni peşgeş etdi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda adatdan daşary waka boldy – Rujero Leonkowallonyň «Oýunbazlar» operasy görkezildi. Talyplardandyr mugallymlardan ybarat aýdymçylar we sazandalar her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahnalaşdyrylýan operalara işjeň gatnaşýarlar. Emma konserwatoriýada opera sahnalaşdyrylyşy gaty seýrek duşýan ýagdaýdyr.

Şeýle bolsa-da, Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew bilen Ýekaterina Darçiýa italýan sergezdan komediýaçylaryň durmuşyndan drama hekaýaty sahnalaşdyrmagy ýüreklerine düwüp, batyrgaý işe baş goşdular. Atajan Berdiýew köp ýyllaryň dowamynda özüni baş gahryman Kanionyň keşbinde görmegi arzuwlap ýören eken. Liriki tenor owazly Atajan Berdiýewiň keşbi ýagşy ýa-da romantik keşplere ýaraşaýjak ýaly welin, gabanjaň telbe Kaniony saýlamagy geň görünýär. Şeýle bolsa-da, durmuşda-da edil operadaky ýaly, gör, nämeler bolmaýar.

Mugallym Jennet Mekanowa Neddanyň keşbini döretmäge çagyryldy. Bu oňa uly üstünligem getirdi, sebäbi ol ussat artistligi we taýýarlyksyz çykyş edip bilmek başarnygy bilen oýny has ýokary derejä çykardy. Nedda sergezdan komediýaçylaryň ykmanda durmuşyndan we gabanjaň telbe adamsyndan ýadan italýan artistiniň keşbine juda laýykdy. Şonuň üçinem Silwio ony ykballaryny birleşdirmegi teklip edende ikirjiňlenmän, dessine razy bolýar.

Operanyň iň ýokary nokady sergezdan komediýaçylaryň aktýorlary Montaltonyň daýhanlary üçin görkezen oýnunda aýan bolýar. Tomaşaçylar nirede sungat, nirede durmuş tapawutlandyryp bilmeýärler. Diňe Kanio aýaly we onuň söýgülisi bilen haklaşanda bar zat aýan bolýar. Kanio «Fenita lýa komediýa!» diýip gygyrandan soň, bu jümle asyrlarboýy jahana ýaýraýar.

Opera täze görnüşde sahnalaşdyryldy. Köpçülikleýin sahnalarda çykyş eden konserwatoriýa horunyň agzalarynyň köpüsi häzirki zaman geýimine kybap geýnipdirler. Libretto käbir bölümler goşulypdyr. Sahna bezegi ýokdy.

Tomaşaçylar «Oýunbazlar» operasyna gowy baha berdiler. Olar şowhunly el çarpmalar bilen özünde güýçli täsir galdyrmagyň hötdesinden gelen belent owazly artistleri uzak wagtlap sahnadan goýbermediler.