Ï «Galkan» we «ADIHIC-Kazan» ýaryşyň baş baýragy ugrunda bäsleşerler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Galkan» we «ADIHIC-Kazan» ýaryşyň baş baýragy ugrunda bäsleşerler

view-icon 1933
«Galkan» we «ADIHIC-Kazan» ýaryşyň baş baýragy ugrunda bäsleşerler

Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşynyň baş baýragy ugrunda finalda «Galkan» (Türkmenistan) we «ADIHIC-Kazan» (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) toparlary bäsleşerler. 3-nji orun ugrunda oýunda «Feniks» (Özbegistan) we «Volat» (Belarus Respublikasy) duşuşar. Şu gün Sportuň gyşky görnüşleri toplumynyň iki meýdançasynda geçirilen «A» we «B» toparçalaryň jemleýji oýunlaryň netijeleri esasynda belli boldy.

«A» toparçada ilkinji oýunda Özbegistanyň «Feniks» we Eýranyň «Ice Box Iran Mall» toparlary duşuşdylar. Iki topar hem 6 utuk toplady. Şonuň üçinem toparçadaky ikinji ornuň ykbaly we bürünç medallar üçin oýunda oýnamak hukugy bu oýnuň netijesine baglydy.

Gujurly oýnamagy niýet edinen özbek hokkeýçileri 2:0 hasabynda öz peýdasyna ilkinji arakesmä çykdylar. 36-njy minutda eýranlylar aratapawudy azaltdylar – 1:2. Birazdan oýun deňleşäýjek ýalydy. Emma beýle bolmady. Ikinji döwrüň ahyrynda bir minutda özbek topary garşydaşynyň derwezesine üç şaýba geçirip, oýnuň ýeňijisini aýan etdi. Dördünji gol juda üýtgeşik boldy: Otabek Umarowyň urgusyndan soň şaýba derwezebanyň kellesini goraýan kaska düşdi, ondanam derwezebanyň arkasyndan aşak düşüp, tora girdi.

Soňky 20 minutda özbegistanlylar ýene-de «Ice Box Iran Mall» toparynyň derwezesine ýene bir şaýba salyp, oýny 6:1 hasabynda öz peýdasyna jemlediler. Bürünç medallar ugrundaky ýaryşda özbek hokkeýçileriniň garşydaşy «B» toparyndaky soňky oýunlarda kesgitlenildi.

Olaryň birinjisinde «Dordoi» (Gyrgyzystan) we «Volat» (Belarus Respublikasy) toparlary Sportuň gyşky görnüşleri toplumynyň kiçi meýdançasynda duşuşdylar. Ilkinji iki döwürde hasap açylmady. 44-nji minutda Witaliý Marçenkonyň takyk urgusyndan soň hasaby açan «Volat» tutuş üçünji döwürde diýen ýaly ýeňişli netijäni saklady. Emma oýnuň soňky minutynda Sultanbek Tokoýew hasaby deňledi – 1:1, netijede ýeňijini kesgitlemek üçin bu ýaryşda ilkinji goşmaça wagt gerek boldy.

Toparlaryň 3x3 oýnan goşmaça 5 minudynda, oýnuň soňky minudynda şowlulyk belarus toparynyň hüjümçisi Eduard Grynyň paýyna düşdi. Derwezeban birinji urgyny yzyna gaýtarsa-da, ýöne ikinjiden ejiz geldi. Oýna goşmaça wagtda 2:1 hasabynda kyn ýeňiş gazanyp, 8 utuk toplan «Volat» ýaryşyň bürünç medallary ugrunda oýnamaga hukuk berýän ikinji orunda galdy.

Bu topardaky soňky oýundan öň 6 utuk toplan Gazagystanyň «Aqmola» topary hem bürünç medallar ugrunda oýnamaga mümkinçiligi bardy. Ýöne munuň üçin gazagystanlylar soňky tapgyrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan 9 utuk toplan «ADIHIC-Kazan» toparyny ýeňmelidiler. Emma Gazagystanyň hokkeýçileriniň umydy hasyl bolmady.

Oýunyň tutuş dowamynda «ADIHIC-Kazanyň» artykmaçlygy göze mälimdi, topar her döwürde gol saldy. Netijede, russiýalylar 6:1 (1:0, 2:0, 3:1) hasabynda ýeňiş gazanyp, «A» toparçada 12 utuk bilen öňdeligi eýelediler. Ikinji orny «Volat» (8 utuk), üçünji orny «Aqmola» (6 utuk), dördünji orny «Dordoi» (4 utuk) we bäşinji orny «Team-Turkiye» (0 utuk) eýelediler.

«A» toparçada jemleýji oýunda Omandan «Oman Nationals» topary «Bahrain Ice Hockey Club» Bahreýn toparyny 3:2 (1:1, 1:1, 1:0) hasabynda ýeňdi. Netijede ýaryşda şeýle ýagdaý emele geldi: birinji orunda «Galkan» (12 utuk), ikinji orunda – «Feniks» (9 utuk), üçünji orunda – «Ice Box Iran Mall» (6 utuk), dördünji orunda – «Oman Nationals» (3 utuk) we bäşinji orunda – «Bahrein Ice Hockey Club» (0 utuk).

Aýgytlaýjy we 3-nji orun ugrundaky oýunlar 20-nji aprelde Sportuň gyşky görnüşleri toplumynyň uly buz meýdançasynda geçiriler.