Ï Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeş Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeş Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy

view-icon 1927
Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeş Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanda ýurdumyzyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy bellenildi. Onuň döredijiligine ýurdumyzda ХХ asyrda bolup geçen uly möçberli wakalaryň sene ýazgysy diýýärler.

Türkmen şekillendiriş sungatynyň ussadynyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde onuň işleriniň sergisi açyldy. Suratkeşler, Aýhan Hajyýewiň dogan-garyndaşlary we dostlary, sungaty öwrenijiler, şekillendiriş sungatynyň muşdaklary, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, KHBS-niň işgärleri, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar ajaýyp türkmen suratkeşiniň hatyrasyna bagyşlanan çärä gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasynda ýubilýar barada ýagşy sözler aýdyldy. Akmal Nuridinow (Özbegistan), Ýuristanbek Şygaýew (Gyrgyzystan), Žanarbek Beristenow (Gazagystan), Nargiz Hamidowa (Täjigistan) milli sungatda Aýhan Hajyýewiň döredijiligine ýokary baha berdiler.

Aýhan Hajyýew Magtymguly Pyragynyň kanoniki portretiniň awtory hökmünde türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhyna girdi. Ol öz döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň keşbini birnäçe gezek döretdi. Serginiň guramaçylary şahyryň ömrüniň dürli döwürlerini şekillendirýän suratlara aýratyn ýer berdiler. Olardan has täsirlisiniň biri – «Ýanbermez» suratynda Magtymguly Pyragynyň gözüniň alnynda duşmanlar şahyryň gymmatly golýazmalaryny oda ýakýarlar. Magtymguly Pyragy türkmeniň döwletli bolaryny arzuwlapdyr, çünki onuň özi hem duşman çapawulyndan ejir çekipdir.

Aýhan Hajyýewiň suratlary boýunça ýurdumyzyň taryhyny öwrenip boljak. Hat-da onuň işleriniň: «Ilkinji mugallym», «Kolhoz gurluşygy», «Ylym pagtaçylara kömege gelýär», «Harmanda», «Asyrlarboýy arzuw hasyl bolýar», «Halyçylar», «Ak altyn» we beýleki işleri-de muny görkezýär.

Suratkeş sada zähmetkeşi wasp edipdir, işine berlen adamlaryň gahrymançylykly keşbini beýan edipdir. Şonuň üçinem onuň gahrymanlary owadan görünýär. «Ak altyn» suratyndaky misli münbere çykýan deýin harmana pagta getirýän ýygymçy, ýa-da Garagum kanalynyň suwuny aýasyna alan çopan, «Ylym pagtaçylara kömege gelýär» suratyndaky hoşamaý professor muňa mysaldyr. Ýeri gelende, professoryň keşbinde Aýhan Hajyýew aýna seredip özüni şekillendiripdir.

Sergide goýlan suratlaryň arasynda suratkeşiň Mollanepesiň dürli döwürlerde çeken üç portreti goýlupdyr. XIX asyryň şadyýan şahyry we sazandasyna gyzyklanmanyň sebäbi nämedekä? Galyberse-de, Aýhan Hajyýew ogullarynyň birine Mollanepes diýip at goýupdyr. Muňa hat-da Mollanepes Hajyýewiň özem jogap berip bilmeýär. Diýmek, sungaty öwrenijilere şu ýerde öwrenere zat kän.

Ýubilýaryň sergisine gabatlanyp Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.