Ï «Aşgabat» futbol topary «Energetik» toparyndan üstün çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Aşgabat» futbol topary «Energetik» toparyndan üstün çykdy

view-icon 2150
«Aşgabat» futbol topary «Energetik» toparyndan üstün çykdy
camera-icon
tff.com.tm

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçýän Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyryň açylyşynda «Aşgabat» toparynyň oýunçylary Marynyň «Energetik» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykyp, ýeňiş yzygiderliligini dowam etdirdiler.

Duşuşyk paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirildi. Ondan öň Said Seýidowyň şägirtleri garşydaşynyň meýdançasynda geçen duşuşykda «Köpetdag» toparyny 2:0 hasabynda utdy, şonuň üçin-de şu möwsümde şowsuz çykyş edip gelýän «Energetik» toparyndan aňsatlyk bilen üstün çykaýjak ýalydy.

Şeýle-de bolsa, myhmanlar oýna aýgytly başladylar we 35-nji minutda Resul Çopanowyň sag gapdaldan amala aşyran batly urgusy 1:0 hasabynda «Energetik» toparyny öňe çykardy.

Meýdança eýeleri diňe duşuşygyň ahyrynda oýnuň hörpüni üýtgedip bildiler. 79-njy minutda 1:1 hasap bilen Şatlyk Gurbanow deňagramlylygy dikeltdi. Onuň bäş minut yzýany bolsa, Ýeňiş Seýdiýew jerime meýdançasynyň çäginden pökgini derwezeçiden çepdäki burça aşakdan urup, hasaby gutarnykly etdi.

Ýeňiş gazanan «Aşgabat» topary 13 utuk bilen bäşinji orna çykdy. Dokuzynjy gezek ýeňlişe sezewar bolan «Energetik» topary bolsa 1 utuk bilen sanawyň ahyryndaky orunda ýerleşýär.

«Aşgabat» topary indiki duşuşygyny 4-nji maýda «Merw» topary bilen geçirer, «Energetik» topary bolsa şol gün «Köpetdag» topary bilen duşuşar.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyry «Ahal» – «Merw», «Nebitçi» – «Şagadam» we «Altyn asyr» – «Arkadag» toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar bilen tamamlanar.