Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty düzme ýazmak boýunça halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty düzme ýazmak boýunça halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi

view-icon 4707
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty düzme ýazmak boýunça halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň orny» diýen temada düzme ýazmak boýunça halkara bäsleşigiň netijelerini yglan etdi. Bäsleşik bu ýokary okuw mekdebi tarapyndan Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça birinji orunlary eýelänleriň üçlügine Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Merdan Çaryýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Nurana Rejepgulyýewa, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň DIM-niň K.Dikambaýewa adyndaky Diplomatik akademiýasynyň talyby Adeli Raimkulowa girdiler. 

Ikinji orunlary bäsleşige gatnaşyjylaryň bäşisi eýelediler, şolaryň ikisi biziň ýokary okuw mekdeplerimiziň wekilleri – Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersiteti we Türkmenistanyň DIM-niň HGI-i. Baýrak eýeleriniň üçüsi bolsa – Täjik milli uniwersitetiniň, Al-Faraby adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň hem-de Özbegistanyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň talyplarydyr. 

Üçünji orunlaryň 8-si Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň IIM-niň institutynyň, Magtymguly adyndaky TDU-nyň, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň talyplaryna berildi. Bu tapgyrda baýrak eýesiniň biri – Täjik milli uniwersitetiniň talyby boldy. 

Bäsleşigiň netijeleri boýunça talyplaryň 30-sy höweslendiriji orunlary aldylar. 

Garaşsyz eminler tarapyndan awtorlyk işlerine baha berlende, halkara ynsanperwer hukugy ulgamyna degişli bilimler, pikiriň özboluşlylygy, işiň mazmunynyň bäsleşigiň yglan edilen temasyna laýyk gelşi hem-de beýan edilişiniň hili göz öňünde tutuldy. 

Bäsleşik Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda halkara ynsanperwer hukugynyň binýatlyk ýörelgeleri baradaky bilimleri wagyz etmek we ýaýratmak maksady bilen geçirildi. 

Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we ýadygärlik sowgatlary sylaglanyş dabarasynyň çäklerinde gowşurylar. Dabara Türkmenistanyň DIM-niň HGI-nde 8-nji maýda geçiriler.