Ï Hojamuhammet Çüriýewiň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden suratlarynyň sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hojamuhammet Çüriýewiň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden suratlarynyň sergisi

view-icon 2555
Hojamuhammet Çüriýewiň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden suratlarynyň sergisi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeş Hojamuhammet Çüriýewiň akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan suratlarynyň we grafiki işleriniň sergisi açyldy.

Sergide hödürlenen suratlar bilen tanyş bolanyňda Hojamuhammet Çüriýewiň 2023-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyndaky şygyrlary okany bäri ony elden düşürmeýän ýaly duýgy döreýär. Olaryň netijesinde Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen ajaýyp suratlaryň 55-si peýda boldy. Serginiň guramaçylary suratkeşi eser döretmäge ruhlandyran her bir goşgyny suratyň gapdalynda ýerleşdiripdirler. Olardan başga 23 sany grafiki iş hem goýlupdyr. Grafiki işlerem edil žiwopis işleri ýaly ussatlarça çekilipdir, olar şol bir wagtyň özünde, žiwopis işler üçin çyzgylardyr.

Serginiň açylyşynda çykyş eden suratkeşlerdir sungaty öwrenijilerden Berdiguly Amansähedow Magtymguly Pyragynyň özüniň giden bir älemdigini, ol barada gürrüň berip gutaryp bolmaýandygyny, diňe bu belent şahsyýet barada ummasyz söz açyp bolýandygyny belledi.

 Suratkeş Hojamuhammet Çüriýew dürli reňk röwüşlerini ulanyp, metafora usulynda işleýär. Onuň eserleriniň her biri pikirler, reňkler, ýordumlar we hyýallar joşgunydyr. Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň gahrymanlary jennet guşlary we gazaply ýyrtyjy haýwanlar bilen gurşalandyr. Magtymguly Pyragy gözüniň gytagy bilen «Näme sen?» sowalyna jogap gözläp, köp zady gözden geçirýär. Hojamuhammet Çüriýewiň her suraty dürli yşaratlar ýaşyrylan dartgynly duýgy bolup görünýär. Diňe surata uzak syn edip hem-de Magtymguly Pyragynyň onuň gapdalynda goýlan goşgusyny gaýta-gaýta okasaň, suratkeşiň pikirine düşünip bolmagy mümkin.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň adyndan Hojamuhammet Çüriýewe çotgalardyr reňkler bilen birlikde arassa kendirli çarçuwa sowgat berildi. Bu peşgeş nakgaşa ussatlaryň we sungat muşdaklarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolan ugruny dowam etmegi üçin gowşuryldy.