Ï Serdar Rahymow dzýudo boýunça «Uly tuwulga» ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Serdar Rahymow dzýudo boýunça «Uly tuwulga» ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

view-icon 2407
Serdar Rahymow dzýudo boýunça «Uly tuwulga» ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Türkmenistanyň sportunyň taryhyna täze şanly sahypa ýazyldy. 20 ýaşly dzýudoçy Serdar Rahymow Täjigistanyň paýtagtynda başlanan IJF «Uly tuwulga» dünýä tapgyryndaky «Dushanbe Grand Slam 2024» abraýly ýaryşda Türkmenistan üçin ilkinji altyn medalyny gazandy.

«Uly tuwulga» ýaryşy dzýudo boýunça halkara ýaryşlarynyň tapgyrydyr, derejesi boýunça diňe dünýä çempionatlaryndan we Olimpiýa oýunlaryndan pes bolup, ol ýylyň dowamynda dünýäniň dürli şäherlerinde geçirilýär.

154 000 funt sterling baýrak gaznasy bolan Duşenbede geçirilýän üç günlük ýaryşa bäş yklymyň 65 ýurdundan 390 türgen (204 erkek we 186 zenan) ýygnandy, olar erkekleriň arasynda 7 we zenanlaryň arasynda hem 7 agram derejesinde 14 medal ugrunda bäsleşdiler. Oňa gatnaşanlaryň arasynda Olimpiýa oýunlarynyň we dünýä çempionatlarynyň häzirki çempionlary hem-de olarda baýrakly orunlary eýelän ençeme dzýudoçy bar.

2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna saýlama «Dushanbe Grand Slam 2024» ýaryşynda Türkmenistandan 8 dzýudoçy – 5 erkek we 3 zenan pälwan wekilçilik edýär. Bäsleşigiň ilkinji gününde ildeşimiziň münberiň ýokarky gatyna çykmagy has-da begendirýär.

Serdar Rahymow 66 kilograma çenli agram derejesinde ýeňiji boldy, bu toparda 22 ýurtdan 28 dzýudoçy medal ugrunda bäsleşdi. Şeýle üstünlige barýan ýolda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby bäş gezek ýeňiş gazandy.

Birinji aýlawda Serdar 2019-njy ýylda geçirilen Aziýa Kubogy ugrunda ýaryşyň kümüş medalynyň eýesi Býambasuren Ulziibaýary (Mongoliýa) ýeňdi, ikinji tutluşykda 2023-nji ýylda geçirilen Pan Amerikan oýunlarynyň wise-çempiony Žulýen Fraskadordan (Kanada) üstün çykdy.

Çärýek finalda ol 2022-nji ýylda Bakuwda geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşynyň kümüş medalynyň eýesi Mulorajab Halifaýew (Täjigistan) bilen tutluşykda «ippona» bilen arassa ýeňiş gazandy, ýarym finalda bolsa ýetginjekleriň arasynda 2019-njy ýylyň Aziýa Kubogy ugrunda ýaryşyň ýeňijisi Bobur Wajiýewi (Özbegistan) ýeňdi.

Finalda Serdar Rahymow ozaldan tanyş 26 ýaşly täjik dzýudoçysy Obid Jebow bilen tutluşdy, ol ozal «Duşanbe Gran Pri 2023» ýaryşynda ýeňiji bolupdy, 2023-nji ýylda Ulan-Batorda kümüş we 2024-nji ýylda Antaliýada geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşlarynda bürünç medal gazanypdy.

Bu tutluşykdan öň garşydaşlar iki gezek duşuşdylar. 2023-nji ýylda «Portugaliýa Gran Pri» ýaryşynda Serdar «waza-ari» bilen üçünji aýlawda Obid Jebowy ýeňdi, iki hepde mundan ozal Gonkongda geçirilen Aziýa çempionatynyň birinji tapgyrynda bir «waza-ari» tapawut bilen ondan ýeňildi. 

Olimpiýa kwotasy ugrundaky göreşde 1000 bal gazanýan altyn medal ugrundaky göreşde Serdar Rahymow ýerli janköýerleriň güýçli goldan tejribeli pälwanyndan rüstem geldi.

Tutluşygyň esasy 4 minudynda pälwanlaryň hersi iki duýduryş alyp, ol netijesiz tamamlandy. Onsoň ýeňiji «Golden skor» söweşinde kesgitlenmeli boldy, onuň ikinji minudynda Täjigistanyň wekili çekeleşikden gaçýanlygy üçin soňky – üçünji gezek duýduryş («hansoku-make») aldy, netijede ol kümüş medal bilen oňmaly boldy.

Bu agram derejesinde Täjigistandan Mulorajab Halifaýew we Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) baýdagy astynda bäsleşen russiýaly Iwan Çernyh bürünç medal eýelediler. Serdar Rahymow (Türkmenistan) bolsa altyn medala mynasyp boldy.

Dzýudoçylara baýrak gowşurylyş dabarasynda türkmen türgenine «Tcell» kompaniýasynyň baş direktory Ozodhon Dawlatşoýew altyn medal gowşurdy, şondan soň türgenimiziň ýeňşiniň hormatyna ýurdumyzyň Döwlet baýdagy ýokary göterildi we Duşenbedäki Sport köşgünde şu derejedäki ýaryşlarda ilkinji gezek Türkmenistanyň senasy ýaňlandy.

Mundan ozal türkmen dzýudoçylary ýeňijileri dünýä çempionatlaryna we Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin görkeziji ballaryny alýan «Uly tuwulga» ýaryşlarynda hormat münberiň ýokary gatyna çykmandylar. Ozal şeýle ýaryşlarda iň gowy netije gazanan ildeşlerimizden Hekim Agamämmedow Ýaponiýada «Tokyo Grand Slam 2023» 66 kg çenli we Türkiýede «Antalya Grand Slam 2024» ýaryşlarynda Maýsa Perdäýewa 57 kg çenli agram derejesinde bürünç medal eýeläpdiler.

Serdar Rahymow 2023-nji ýylda Rimde geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş, Saraýewoda geçirilen ýetginjekleriň arasynda Ýewropanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda altyn we Daşkentde ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýanyň kubogy ugrunda ýaryşda kümüş medalyň eýesi boldy. Bu ýyl bolsa Rigada (Latwiýa) geçirilen «Warsaw European Open 2024» Ýewropa Kubogy ugrunda geçirilen ýaryşlarda kümüş medala mynasyp boldy. Indi bolsa «Uly tuwulga» ýaryşynda ýeňiş gazandy.

Serdar Rahymow Hojambazda (Lebap welaýaty) Baýram Şerapowyň elinde dzýudo bilen meşgullanyp başlady. Häzirki wagtda ol 2023-nji ýylda ýapon hünärmeni, dzýudo boýunça Kodokan ugrunda ýedinji dan derejesine ýeten Kazuhiko Tokunonyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynda ussatlygyny kämilleşdirýärler. 2011-nji ýylda Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) ony zenanlar toparynyň halypalarynyň arasynda iň gowy tälimçi hökmünde ykrar etdi. Kazuhiko Tokunonyň şägirtleriniň arasynda dünýä çempionatlarynda, Olimpiýa oýunlarynda, Bütindünýä Uniwersiadalarynda, Aziýa çempionatlarynda, Aziýa oýunlarynda we beýleki iri halkara ýaryşlarynda medal gazananlar az däl.

Kazuhiko Tokuno indi ikinji ýyl Türkmenistanda netijeli işläp, ýurdumyzyň dzýudo mekdebine abraý getirýär. Hançžouda (Hytaý) geçirilen ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynda, Zagrebde (Horwatiýa) kadetleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda, Daşkentde (Özbegistan) kadetleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda, Belarus Respublikasynda geçirilen GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda ýaponiýaly tejribeli dzýudo ussadynyň ýolbaşçylygynda türkmen türgenleri uly üstünlikler gazandylar, indi IJF «Grand Slam» dünýä tapgyrynyň abraýly ýaryşynda iň ýokary baýraga mynasyp boldular.

«Dushanbe Grand Slam 2024» ýaryşynda gazanan altyn medaly netijesinde ozal 1224 bal bilen 66 kilograma çenli agram derejesinde dünýäniň güýçli dzýudoçylarynyň birinji ýüzlügine giren Serdar Rahymow görkezijisini 1000 bal ýokarlandyrdy we 2024-nji ýylda Fransiýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga tarap ýene bir ädim ätdi.

Türkmenistanyň toparynda dzýudo ýaryşynda ozal bary-ýogy birnäçe pälwan Olimpiýa oýunlary ugrunda bäsleşen bolsa, indi oňa dalaşgärleriň sany has artdy. Serdar Rahymowdan başga-da, kontinental kwotasy bolan Hekim Agamämmedow 66 kilograma çenli agram derejesinde Pariž Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga dalaşgärdir. Olimpiýa oýunlarynda bir agram derejesinde diňe bir dzýudoçy gatnaşyp bilýänligi üçin Olimpiýada gatnaşmaga hukuga eýe boljak türgen soňky iki saýlama – Astanadaky «Uly tuwulga» ýaryşynyň (10–12-nji maý) we Abu-Dabide geçiriljek dünýä çempionatynyň (19–23-nji maý) netijesi boýunça belli bolar.

Ondan öň Türkmenistanyň dzýudo toparynda ýene bir Olimpiýa kwotasyny 57 kilograma çenli agram derejesinde «Dushanbe Grand Slam 2024» bürünç medala golaýlan Maýsa Perdäýewa eýeledi. Ol birinji tapgyrda goşmaça «Altyn bal» tutluşygynda Aselya Toprakdan (Azerbaýjan) rüstem geldi, ikinji tapgyrda iki «waza-ari» bilen «Tashkent Grand Slam 2024» ýaryşynyň bürünç medalynyň eýesi Arleta Podolagy (Polşa) arassa ýeňdi.

Soňra Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 19 ýaşly 1-nji ýyl talyby Maýsa Perdäýewa çärýek finalda «Dushanbe Grand Slam 2024» ýaryşynyň 27 ýaşly ýeňijisi Jessika Klimkeýtden (Kanada) ýeňildi, teselli beriş ýaryşynda «Tashkent Grand Slam 2024» ýaryşynyň bürünç medalynyň eýesi Paulina Starkeden (Germaniýa) üstün çykdy we 3-nji orun ugrunda bäsleşmäge hukuk gazandy. Bürünç medal ugrundaky göreşde ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç medalyny eýelän Maýsa Perdäýewa ýetginjekleriň arasynda Ýewropanyň we dünýäniň häzirki çempiony 20 ýaşly Weronika Toniolo (Italiýa) garşydaş boldy. Ilkibada türkmen dzýudoçysy üçin hemme zat gowy boldy. Maýsa Perdäýewa tutluşygyň gidişini gözden salmaýardy, onda italiýaly gyza çekeleşikden gaçýanlygy üçin duýduryşam berildi. Emma täsirli hereketler ýokdy, ýeňijiniň ykbaly goşmaça «Altyn bal» oýnunda kesgitlenjek ýalydy. Ýöne esasy wagtyň gutarmagyna 3-4 sekunt galanda Weronika Toniolo «waza-ari» baha berilýän tilsim ulanyp, ýeňiş gazandy. Netijede, Maýsa Perdäýewa öz reýtingine goşmaça ýene 360 bal gazanyp, 5-nji orny eýeledi.

Pariž Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda başlanar we 11-nji awgusta çenli dowam eder.