Ï «Ahal» topary täze baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda üçünji ýeňşini gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» topary täze baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda üçünji ýeňşini gazandy

view-icon 1788
«Ahal» topary täze baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda üçünji ýeňşini gazandy

«Ahal» toparynyň futbolçylary täze baş tälimçi Döwletmyrat Annaýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň myhmançylykdaky oýnunda Türkmenbaşynyň «Şagadamyny» 2:0 hasabynda utup, bassyr üçünji ýeňşini gazandy.

Iki pökgi hem oýnuň ikinji ýarymynda tora girizildi. Akmämmet Metdäýew 56-njy minutda hasaby açdy. Gurban Annaýew 88-nji minutda hasaby gutarnykly etdi.

Mundan öň Döwletmyrat Annaýewiň topary 83-nji minutda Akmämmet Metdäýewiň 11 metrlik jerime urgusyny dürs urmagy bilen myhmançylykda Marynyň «Energetigini» 1:0, soňra öz meýdançasynda «Merwi» uly hasap bilen — 5:1 hasabynda ýeňdi. Ýeňijilerden Salim Umarow (11-nji we 77-nji minutlarda), Akmämmet Metdäýew (21-nji), Begenç Mämiýew (90 + 4-nji) we Alibek Abdurahmanow (90 + 6-njy) tapawutlandylar. 78-nji minutda Guwanç Berdimyradowyň meýdançadan çykarylmagy netijesinde azlykda oýnap utulan topardan Ambýar Mahmudow (60-njy) abraý pökgüsini geçirdi.

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparynda 43 ýaşly Döwletmyrat Annaýew Serdar Geldiýewiň ýerine geldi, indi ol ýolbaşçylaryň karary bilen «Ahal» FK-da administratiw işleri alyp barar.

Döwletmyrat Annaýew «Ahal» toparyna gelmezden öň 2019-njy ýylda «Köpetdag» bilen birinji ligada üstünlik gazandy, soňra Tofik Şükürowa bu toparda ýokary ligada kömek etdi, «Aşgabat» FK-nyň baş tälimçisi bolup işledi, şeýle hem Iordaniýada geçirilen Aziýa birinjiligine saýlama ýaryşda Türkmenistanyň ýaşlar toparyny (U17) alyp bardy.

«Ahalyň» täze tälimçisiniň öňünde pesinden birinji üçlüge girmek we has gowusy kümüş medal gazanmak wezipesi goýuldy, oňa Welsähet Öwezow, Kemal Gurbanow we derwezebanlaryň tälimçisi Sapar Öwezow dagy kömek edýärler.

«Şagadamdan» üstün çykandan soň, «Ahal» 24 utuk toplap, 12-nji tapgyrda Balkanabatda «Nebitçiden» 4:0 hasabynda üstün çykan we bir oýun az oýnan «Arkadagdan» 6 utuk yza galyp, ikinji orunda barýar. Türkmenistanyň häzirki çempiony bu oýunda dört pökgini hem 26 minutda tora saldy. Şunda Altymyrat Annadurdyýew (3-nji, 9-njy we 26-njy minutlarda), Şamammet Hydyrow (12-nji minutda) tapawutlandylar.

18 utuk toplan «Altyn asyr» we «Merw» toparlary üçünji-dördünji orny paýlaşýarlar. Iki oýun az oýnan «Altyn asyr» 12-nji tapgyra gatnaşmady. 37-nji minutda Söhbet Allanurowyň dürs uran 11 metrlik jerime urgusy bilen «Merw» öz meýdançasyna «Aşgabady» 1:0 hasabynda ýeňdi.

Maryda «Energetik» bilen «Köpetdag» toparlarynyň arasynda geçen başga bir oýunda hasap açylmady - 0:0.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynda: «Aşgabat» - «Şagadam», «Köpetdag» - «Merw», «Ahal» - «Arkadag», «Nebitçi» - «Altyn asyr» toparlary duşuşarlar.