Ï Türkmenistanly karateçiler Samarkantda geçirilýän Merkezi Aziýa çempionatynda ýene 14 medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly karateçiler Samarkantda geçirilýän Merkezi Aziýa çempionatynda ýene 14 medal gazandylar

view-icon 1665
Türkmenistanly karateçiler Samarkantda geçirilýän Merkezi Aziýa çempionatynda ýene 14 medal gazandylar

Türkmenistanly türgenler Samarkantda geçirilýän karate WKF boýunça Merkezi Aziýa çempionatynyň ikinji güni ýene 14 medal – üç altyn, iki kümüş we dokuz bürünç medal eýelediler.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Gurbannazar Amandurdyýew (52 kilograma çenli agram derejesinde kadetleriň arasynda – kumite), Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Jora Öwezmyradow (57 kilograma çenli kadetleriň arasynda – kumite) we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby Dawut Nazmyradow (kumite, 21 ýaşa çenli, 75 kg çenli) hormat münberiniň ýokarky gatyna çykdylar.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Perhat Atamyradow (14-15 ýaşly kadetleriň arasynda, kata) hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Aýgül Esenowa (kata, 21 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda) kümüş medal gazandylar. 

Türkmenbaşy şäherindäki 14-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Serdar Jumanow (57 kg çenli, kadetleriň arasynda, kumite), Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Allanur Ýalkabow (14-15 ýaşly kadetleriň arasynda, kata), Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Rüstem Puhanow (kata, 21 ýaşa çenli), Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy

Amangeldi Ataýew (70 kg çenli, kadetleriň arasynda, kumite), Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby Resul Atajanow (kumite, 21 ýaşa çenli, 55 kg çenli), M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 2-nji ýyl talyby Şatlyk Gurbanow (kumite, 21 ýaşa çenli, 55 kg çenli), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Ogulsuraý Täçdurdyýewa (kumite, 21 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda, 55 kg çenli), Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 2-nji ýyl talyby Daýanç Keletliýew (kumite, 21 ýaşa çenli, 60 kg çenli), Aşgabat şäherindäki 142-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Kuwwatgeldi Berdiýew (agramy 63 kg çenli kadetleriň arasynda, kumite) bürünç medala mynasyp boldular.

Ýaryşyň birinji güni türkmenistanly türgenler 7 - bir altyn, iki kümüş we dört bürünç medal gazandylar. 

WKF karate boýunça 9-njy Merkezi Aziýa çempionatyna Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 800-den gowrak türgen gatnaşýar, olar dürli ýaş tapgyrynda kata (maşk görkeziş) we kumite (söweş) ugurlary boýunça medallar ugrunda bäsleşýärler.