Ï «Aşgabat» topary «Şagadam» toparyndan üstün çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Aşgabat» topary «Şagadam» toparyndan üstün çykdy

view-icon 1735
«Aşgabat» topary «Şagadam» toparyndan üstün çykdy
camera-icon
tff.com.tm

«Aşgabat» futbol topary ýokary liganyň klublarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň açylyş oýnunda «Şagadam» toparyny ýeňdi. Paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçen duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy.

Ýeňiş pökgüsini oýnuň 39-njy minutynda Şatlyk Gurbanow tora girizdi.

Bu ýeňişden soň Seýit Seýidowyň şägirtleri 16 utuk bilen ýaryş sanawynda bäşinji orna çykdy. «Şagadam» bolsa 15 utuk bilen altynjy orna düşdi.

Indiki tapgyrda «Aşgabat» topary «Arkadag» topary bilen myhmançylykda duşuşar, «Şagadam» topary bolsa öz meýdançasynda paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparyny kabul eder.

13-nji tapgyr «Köpetdag» –  «Merw», «Ahal» – «Arkadag» we «Nebitçi» – «Altyn asyr» toparlaryň arasynda boljak duşuşyklar bilen tamamlanar.