Ï Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň (2024) ýaryşynda iki topar öňdeligi paýlaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň (2024) ýaryşynda iki topar öňdeligi paýlaşýar

view-icon 2205
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň (2024) ýaryşynda iki topar öňdeligi paýlaşýar

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň (2024) ýaryşynda iki topar öňdeligi paýlaşýar. Iki tapgyrdan soň 6 utuk toplan «Deňizçi» we «Senagatbank» toparlary öňdeligi eýeleýärler.

Bu ýagdaý Türkmenistanyň häzirki dört gezek çempiony «Deňizçi» topary Daşoguzyň «Turan» toparyny 8:2 hasabynda ýeňen 1-nji tapgyryň soňa goýlan oýnundan soň döredi. Ýeňijilerden Alişer Hudaýbergenow 2-nji we 32-nji, Jasurbek Annamyradow 7-nji we 28-nji, Süleýman Agöýliýew 15-nji we 34-nji minutlarda iki we Kirill Çaryýewiň 25-nji we Dawutguly Dürliýewiň 29-njy minutlarda hersi bir pökgi geçirdiler. Ýeňilenlerden Azizbek Rozimow 40-njy minutda bir pökgi saldy. Ýene bir pökgini Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň toparynyň oýunçysy Jasurbek Annamuradow 38-nji minutda öz derwezesine saldy.

Bu eýýäm «Deňizci» toparynyň öz oýunçysynyň tora salan ikinji pökgüsi. Olaryň birinjisi geçen ýylky milli çempionatyň kümüş medalçysy «Köpetdag» topary bilen geçirilen duşuşykda Maksat Soltanowyň aýagyna degip tora girdi.

«Migrasiýa» topary öňdäki topardan 3 utuk az toplady. Dördünji we bäşinji orunlary her biri 1 utukly TNGIZT we «Köpetdag» toparlary paýlaşýarlar. Ýaryşda soňky orunda barýan «Turan» toparynyň entek utugy ýok.

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň (2024) 3-nji tapgyrynda: «Köpetdag» – «Turan», «Migrasiýa» – «Deňizçi» we «Senagatbank» – TNGIZT toparlary özara duşuşarlar.