Ï «NowaEco» kompaniýasy durnukly telekeçiligi ösdürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«NowaEco» kompaniýasy durnukly telekeçiligi ösdürýär

view-icon 2981
«NowaEco» kompaniýasy durnukly telekeçiligi ösdürýär

Üstünlikli iş girdeji we düşewünt çarçuwasyndan daşgary bolup, durnuklylygy öz içine alýan garaýşa esaslanýar.

Kagyz we karton öndürmek üçin esasy çig mal hökmünde tutuş ýurtda ozal oba hojalykçylar we dokmaçylar tarapyndan ýakylan ýa-da çöllük ýerlere taşlanan oba hojalygy we dokma galyndylaryny ulanýan «NowaEco» kompaniýasynda şu pikire uýýarlar. Oba hojalygy we dokma galyndylaryny işläp bejermegiň we gaýtadan işlemegiň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy netijesinde, indi 290 müň tonna galyndydan 230 müň tonna gymmatly önüm: gasynly karton, kagyz torbalary we karton, depder we A4 ölçegli edara kagyzyny öndürmek bolýar.

Bu taslama Ahal welaýatynyň ilaty üçin 500-den gowrak iş ýerini döretdi, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň iki esasy pudagynda – oba hojalygynda we dokma senagatynda kömürturşy gazynyň taşlandylaryny ep-esli azaltdy, kärhanada we ýerli derejede gezekleşikli ykdysadyýet ýörelgelerini girizdi, şeýle hem 1, 8, 9, 12, 13 we 15-nji DÖM-üň durmuşa geçirilmegine ýardam etdi.

Kompaniýanyň ýolbaşçylary bu zatlaryň hemmesini daşary ýurtly myhmanlara – BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko we BMG-niň ýurt boýunça toparynyň agzalaryna, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryna, Türkmenistandaky ilçihanalaryň ýakynda Ahal welaýatynyň Ýaşlyk şäherçesindäki häzirki zaman «NowaEco» kagyz fabrigine baryp gören wekillerine gürrüň berdiler. Duşuşykda durnukly özüş ýörelgelerine we kagyz önümçiliginde ulanylýan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara aýratyn üns berýän kabul ediji kompaniýanyň wezipesi hem innowasion iş amallary görkezildi.

Daşary ýurtly myhmanlaryň şeýle ýokary derejeli tanyşlyk sapary, BMG-niň 2023-nji ýylda ýola goýan hususy pudak bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek başlangyjynyň netijesi boldy. Şonda Türkmenistandaky BMG we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatnamasy pudagynda we onuň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekipdi, netijede BMG bilen hususy bölümiň hyzmatdaşlyk ýerligi Ähtnamany durmuşa geçirmegiň amaly mehanizmi hökmünde üstünlikli işe başlapdy.

BMG bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi durnukly iş tejribesi baradaky bilimleri Türkmenistanyň hemme ýerinde ýaýratmagy, şeýle hem türkmen hususy telekeçiliginiň ýurtda DÖM-leriň durnukly ösüşine we durmuşa geçirilmegine goşant goşýan öňdebaryjy tejribesini sebitlerde wagyz etmegi maksat edinýär.