Ï Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň (2024) öňdäki toparlary utuklaryny artdyrýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň (2024) öňdäki toparlary utuklaryny artdyrýarlar

view-icon 2286
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň (2024) öňdäki toparlary utuklaryny artdyrýarlar
camera-icon
tff.com.tm

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň (2024) öňde barýan «Deňizçi» we «Senagatbank» toparlary yzly-yzyna üçünji ýeňşini gazandylar. 

«Senagatbank» toparynyň futzalçylary 27-nji minutda Nepesgeldi Ataýewiň salan ýeke-täk pökgüsiniň netijesinde, üçünji tapgyrda TNGZT-den 1:0 hasabynda üstün çykdy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň dört gezek çempiony «Deňizçi» topary bolsa «Migrasiýa» toparyny onluk hasabynda ýeňdi – 11:1.

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň toparynda 2-nji, 13-nji we 32-nji minutlarda tapawutlanan Abdylla Nursähedow dört pökgi, Dawutguly Dürliýew bolsa iki pökgi geçirdiler (19-njy we 28-nji), Rahymberdi Halmämmedow (7-nji), Kirill Çaryýew (8-nji), Maksat Soltanow (14-nji) we Alişer Hudaýbergenow (23-nji) dagynyň hersi bir pökgi tora girizdi. Ýene bir pökgi «Migrasiýa» toparynyň derwezesine öz oýunçysy Gurbanguly Aşyrowyň urmagynda girdi (10-njy). Garşydaş topar oýnuň iň soňky minudynda Abdylla Gurbannepesowyň jaýdar uran topundan soň lüt utulyşdan halas boldy.

Üç tapgyrdan soň «Deňizçi» topary bilen «Senagatbank» toparynyň hersi 9 utuk toplady. Häzirki milli birinjilikde ilkinji gezek Daşogzuň «Turanyn» toparyndan 5:1 hasabynda üstün çykan «Köpetdag» topary bolsa öňdäki toparlardan 5 utuk yza galýar. Ýeňen tarapdan Allaberdi Meredow (8-nji), Mälikguly Hümmedow (11-nji), Watan Ataýew (25-nji), Kerwen Annaorazow (32-nji) we Gurbangeldi Sähedow (38-nji) dagy tapawutlandy. Ýeňlen tarapda bolsa bir pökgi Azizbek Rozymowyň hasabyna ýazyldy (19).

Bu, ýekeje utugam gazanman, ýaryş sanawynyň iň soňunda duran «Turan» toparynyň üçünji ýeňlişidir. Bäşinji ýerde barýan TNGZT ondan 1 utuk, dördünji orny eýeleýän «Migrasiýa» topary bolsa 3 utuk öňde barýar.

4-nji tapgyrda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň (2024) öňdäki toparlary bolan «Deňizçi» we «Senagatbank» özara duşuşar. Beýleki oýunlarda «Turan» TNGZT, «Köpetdag» bolsa «Migrasiýa» topary bilen duşuşar.