Ï Türkmenistanyň karateçileri Samarkantda geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatyndan Watanymyza 33 medal getirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň karateçileri Samarkantda geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatyndan Watanymyza 33 medal getirdiler

view-icon 2100
Türkmenistanyň karateçileri Samarkantda geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatyndan Watanymyza 33 medal getirdiler
camera-icon
Türkmenistanyň Karatedo federasiýasy

Türkmenistanly türgenler Samarkantda geçirilen WKF karate boýunça Merkezi Aziýanyň 9-njy çempionatyndan Watanymyza dürli gymmatlykdaky medallaryň 33-sini alyp geldiler. 

Ýaryşlara Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 800-den gowrak türgenler gatnaşdylar. Olar kata (görkezme maşklary) we kumite (tutluşyklar) görnüşlerinde dürli ýaş aýratynlyklary boýunça medallar ugrunda göreşdiler.

Ýaryşyň üç gününiň netijeleri boýunça biziň ildeşlerimiz 6 altyn, 7 kümüş we 20 bürünç medallary gazandylar.

Ozal habar berilişi ýaly, ýaryşyň ilkinji gününde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň tälimçileri Aýdyň Çaryýewiň we Igor Rahymowyň türgenleri medallaryň 7-sini (1 altyn, 2 kümüş we 4 bürünç), ikinji günde bolsa ýene-de 14-sini (3 altyn, 2 kümüş we 9 bürünç) gazandylar. 

Çempionatyň jemleýji gününde biziň karateçilerimiz 2 altyn, 3 kümüş we 7 bürünç medallary eýeläp, gazanylan medallaryň üstüni artdyrdylar.

Hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Yslam Annaorazow (16-17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda – kata) we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Magtymguly Annaýew (55 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda – kumite) çykdylar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Selbi Rozybaýewa (68 kilograma çenli agram derejesinde gyzlaryň arasynda – kumite), Balkanabadyň 19-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Resul Garataýew (55 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda – kumite) hem-de erkekleriň arasynda toparlaýyn kumitede Arzuw Seýitgulyýew, Şatlyk Allakow, Täçmuhammet Bekiýew, Güýç Gökow, Şatlyk Gurbanow, Maksat Ödäýew we Şatlyk Tekäýew kümüş medallaryň eýeleri boldular.

Bürünç medallara bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Arzuw Seýitgulyýew (55 kilograma çenli agram derejesinde erkekleriň arasynda – kumite), Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Begli Paşyýew (16 ýaşdan ýokary – kata), Aşgabat şäheriniň 19-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Elşat Agabalaýew (16 ýaşdan ýokary – kata), Balkanabadyň 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Garamämmet Garamämmedow (61 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda – kumite), Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gurbanmyrat Nowruzow (68 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda – kumite), Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Anna Karimowa (53 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjek gyzlaryň arasynda – kumite) we erkekleriň arasynda toparlaýyn kumitede Resul Atajanow, Dawut Nazmyradow, Maksat Dologeldiýew, Baýry Baýryýew, Daýanç Keletliýew, Jelal Satlykgulyýew we Muhammetnur Annamuhammedow dagy mynasyp boldular.

74 türgeni bilen wekilçilik eden Türkmenistanyň ýygyndy topary medallar hasabynda Gazagystanyň (39 altyn, 30 kümüş we 47 bürünç medallar) we Özbegistanyň (22 altyn, 29 kümüş we 58 bürünç medallar) toparlaryndan soň, üçünji orny eýeledi. 

Ozal, şu aýda Özbegistanyň Ürgenç şäherinde geçirilen WKF karate boýunça «UZBEKISTAN OPEN 2024» atly ilkinji halkara ýaryşynda türkmenistanlylaryň medallaryň 23-sini – 5 altyn, 5 kümüş we 13 bürünç medallary gazanandyklaryny ýatlap geçmek isleýäris.