Ï Toý-baýrama beslenýär Pyragynyň mekany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Toý-baýrama beslenýär Pyragynyň mekany

view-icon 2026
Toý-baýrama beslenýär Pyragynyň mekany

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Magtymguly Pyragynyň şygryýetinde beýan edilen watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk ýaly gymmatlyklary ýaşlarda terbiýelemäge gönükdirilen yzygiderli çäreleri geçirýär.

Şu maksat bilen maý aýynyň 10-11-inde Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda birnäçe çäre geçirildi. Olara Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Ýaşlar guramasynyň agzalary, ylym-bilim adamlary, ýazyjylar, şahyrlar, metbugat wekilleri we ýaş alymlar gatnaşdy. Bu çäreleriň çäginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak, «Magtymguly biziň geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat, şygryýet agşamy, «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, Magtymguly Pyragynyň Gerkez obasyndaky muzeýine sapar, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda köpçülikleýin medeni çäreler boldy.

Şahyryň muzeýiniň öňündäki ýörite meýdançada Balkan welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary boldy we «Akyldary sarpalap, galkyndyryp çar ýany, toý-baýrama beslenýär Pyragynyň mekany» atly edebi we aýdym-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Şu ýerde-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda yglan edilen «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat bäsleşigine gatnaşýan çagalar özleriniň döredijilik ukyplaryny görkezdiler.

«Magtymguly biziň geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy- amaly maslahatyň açylyş dabarasy we bölümleriniň işi Magtymguly Pyragy muzeýiniň mejlisler zalynda geçirildi. Umumy mejlisde Türkmenistanyň halk ýazyjysy O.Annaýew, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Keriýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň öňdebaryjy ylmy işgäri T.Täçmämmedowa we beýlekiler çykyş etdiler.

Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň özygtyýarly döwletde azat we bagtyýar durmuşy baradaky arzuwlarynyň häzirki wagtda esasy türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan goýlup, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän öňden görüjilikli syýasat netijesinde hakykata öwrülendigini bellediler.

«Magtymguly biziň geçmişimiz, şu günümiz we geljegimiz» atly maslahatyň netijeleri jemlenenden soň, nusgawy şahyrymyzyň hormatyna sadaka berildi we ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ähli asylly işleriniň üstünlikli amala aşmagy üçin, doga-dilegler edildi.

Şeýle hem geçirilen şygryýet agşamy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy, onda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşan ýaş edebiýat muşdaklary halypalary bilen duşuşdylar, pikir alyşdylar hem-de öz goşgularyny okadylar. Duşuşykda tanymal ýazyjylar tejribelerini paýlaşdylar we döredijilige höwesli ýaşlara gymmatly maslahatlar berdiler.

«Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» muzeýinde geçirildi. Bu dabaranyň her ýyl türkmen halkynyň beýik oglunyň aýak basan ýerinde geçirilmegi döredijilige höwesli ýaşlar üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu ýyl emin agzalary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we «Nesil» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan bilelikde yglan edilen bäsleşige döredijilik zehinli ýaşlar tarapyndan hödürlenen 150 eseriň 35-sini saýlap aldy.

Bäsleşigiň baş baýragyny «Nesil» gazetiniň öz habarçysy Aýşat Hojamuhammedowa aldy. Birinji orny Magtymguly adyndaky Türkmenistan Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap guramaçylyk bölüminiň esasy işgäri Suraý Babanyýazowa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Ogulşat Myratberdiýewa we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň üçünji ýyl talyby Nury Sakçyýew dagy paýlaşdy.

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan soň ýazyjylar, şahyrlar we ýaş žurnalistler özleri üçin konsert, sergi we döredijilik duşuşyklary guralan Gerkez obasyna baryp gördüler. Magtymguly Pyragy muzeýine baryp, ol ýerdäki zatlar bilen tanyşmaklyk ýaşlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Hususan-da, şahyryň Hindistandan uýasy Zübeýda sowgat hökmünde getiren çäýnegi we söýgülisi Menli üçin niýetlenen ýüzük olarda uly gyzyklanma döretdi. Muzeýde täsirli gezelençden soň döredijilik syýahatyna gatnaşanlar sebitiň taryhy we tebigy gözel ýerlerine-de baryp gördüler.