Ï Türkmenistanyň telekeçileri BAE-de geçiriljek tebigy we organiki önümleriň sergisine gatnaşyp bilerler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň telekeçileri BAE-de geçiriljek tebigy we organiki önümleriň sergisine gatnaşyp bilerler

view-icon 2487
Türkmenistanyň telekeçileri BAE-de geçiriljek tebigy we organiki önümleriň sergisine gatnaşyp bilerler

Türkmenistanly telekeçiler «Middle East Organic & Natural Products Expo 2024» atly tebigy we organiki önümleriň halkara sergisine gatnaşyp bilerler. Ol 2024-nji ýylyň 18 – 21-nji noýabry aralygynda BAE-niň Dubaýdaky Bütindünýä söwda merkezinde geçer.

«Middle East Organic & Natural Products Expo 2024» organiki, tebigy we ekologiýa taýdan arassa önümleriň lomaý hem bölek satuw söwdasy üçin Ýakyn Gündogaryň öňdebaryjy ýerligidir.

Bu sergi her ýyl BAE-li alyjylardan başga-da, Bahreýn, Oman, Katar, Eýran, Saud Arabystany, Müsür, Kuweýt, Demirgazyk we Günorta Afrika, Hindistan ýaly ýurtlardan we Ýewropa Bileleşiginden gelýänleri özüne çekýär.

«Middle East Organic & Natural Products Expo 2024» öndürijileri, markalary we üpjün edijileri alyjylardyr organik hem tebigy azyk önümleri, içgi, kosmetika, saglyk, oba hojalygy, daşky gurşaw we durnukly ösüş üçin zerur önümler bilen gyzyklanýan paýlaýjylar bilen baglanyşdyrýar.

Ähli organik we tebigy önümleri mahabatlandyrmak, tapmak we satmak üçin amatly ýerdir.

Gatnaşmak isleýän kärhanalar üçin telefon belgileri: +99312 21-23-75 / 64. Şeýle hem, serginiň saýty bar.