Ï Türkmenistanyň woleýbolçylary Merkezi Aziýa milletler ligasynda Gyrgyzystanyň toparyny ýeňdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň woleýbolçylary Merkezi Aziýa milletler ligasynda Gyrgyzystanyň toparyny ýeňdiler

view-icon 1959
Türkmenistanyň woleýbolçylary Merkezi Aziýa milletler ligasynda Gyrgyzystanyň toparyny ýeňdiler

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň woleýbolçylary Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa milletler ligasynda ilkinji ýeňşini gazandylar.

Geçen ýyl Merkezi Aziýa milletler ligasynda birinji aýlawda ýeňiji bolan Eýranyň milli ýygyndysyndan 2:3 (25:23, 25:21, 16:25, 23:25, 17:19) hasabynda ýeňilen ildeşlerimiz, bu ýyl Gyrgyzystanyň toparyny – 3:0 (25:19, 25:22, 25:21) hasabynda ynamly utdylar.

Merkezi Aziýa woleýbol birleşiginiň (CAVA) howandarlygynda geçirilýän bu ýaryşa Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Türkmenistanyň we Şri-Lankanyň toparlary gatnaşýarlar.

Indiki duşuşykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy meýdança eýeleri – birinji aýlawda owganystanly garşydaşlaryny – 3:0 (25:19, 25:21, 25:16), ikinji aýlawda Şri-Lankanyň toparyny üç setde – 3:0 (25:21, 25:23, 25:18) hasabynda utan Pakistanyň woleýbolçylary bilen oýnar.

Eýran topary hem iki ýeňiş gazandy, ol ikinji aýlawda Owganystanyň toparyny 3:0 (25:17, 25:23, 25:19) hasabynda ýeňdi.

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň toparlary hersi bir ýeňiş gazandy. Gyrgyz topary birinji aýlawda Şri-Lankanyň wekillerini çekeleşikli göreşde 3:2 (25:27, 25:17, 25:19, 20:25, 15:10) hasabynda utdy.

Ýaryş 17-nji maýda tamamlanar.