Ï Türkmenistanda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirilýär

view-icon 1253
Türkmenistanda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirilýär
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew, Alekseý Gimalitdinow

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi açyldy.

Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberiniň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Oba hojalyk önümleriniň önümçilik toplumyny netijeli ösdürmäge, olary öndürijilere hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermäge gönükdirilen çäreleriň netijesinde, bu ulgamda uly üstünlikler gazanyldy. Uzak möhletli geljegi nazarlaýan döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde oba hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga, tehniki we tehnologik taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Oba hojalyk önümçiliginiň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek boýunça hukuk, ykdysady we guramaçylyk şertlerini kemala getirmegi nazarlaýan toplumlaýyn özgertmeler oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşýan şu gezekki gözden geçirilişi-de munuň aýdyň güwäsidir.

...Sergiler zalynyň giň meýdançasynda şowhunly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döredijilik toparlary sergä gatnaşyjylary we myhmanlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylaýarlar. Açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmek we sarp edilýän zerur önümleriň importyna garaşlylygy azaltmak boýunça möhüm çäreleriň amala aşyrylýandygy bellenilýär. Bu ugurda gymmatly tejribe toplanyp, halkara hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär. Azyk önümçiligi babatda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine hem-de ornaşdyrylmagyna, bu ulgamda sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistan ählumumy azyk meselelerini çözmek boýunça tiz we netijeli çäreleri durmuşa geçirmäge çagyrýan ýurtlaryň biri hökmünde degişli ugurda duşuşyklary, sergileri, maslahatlary hem-de özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen beýleki çäreleri yzygiderli geçirýär.

Türkmenistan üçin azyk howpsuzlygy diňe bir döwletiň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny gorap saklamagyň möhüm şerti bolman, eýsem, ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini üpjün edýän, azyk, çig mal babatda daşary söwda gatnaşyklarynyň netijeli ösmegine, importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümçilikleri artdyrmaga mümkinçilik berýän milli, sebitleýin azyk bazarlarynyň ykdysady baglanyşygyna goldaw bermegiň hem wajyp esaslaryny emele getirýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny gazanmak bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdi, birinjiden, sagdyn iýmitlenmek üçin ýeterlik derejede önümler bilen üpjün etmegi goldamakdan, ikinjiden, importyň möçberlerini azaltmakdan, bu önümleri öndürijileriň bähbitlerini goramakdan ybaratdyr.

Dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, biziň döwletimizde hem azyk howpsuzlygyny gazanmagyň möhüm wezipeleriniň hatarynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürijilere goldaw bermek, iýmit önümleriniň ilat üçin elýeterliligini üpjün etmek, öz azyk önümlerimiziň içerki hem daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ýaly ileri tutulýan ugurlary görkezmek bolar. Bu ugurda işleriň oýlanyşykly alnyp barylmagy netijesinde, azyk üpjünçiligi ulgamy häzirki döwürde sarp ediş isleglerini kanagatlandyrýan pudak bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwletiň halkara ykdysady ulgama goşulyşmagyna, önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagy üçin maýa goýumlary çekmäge-de ukyply düzüme öwrüldi diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Şu gezekki gözden geçiriliş oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem açyp görkezýär. Bu ýerde Türkmenistanyň we daşary döwletleriň gatnaşyjylarynyň 100-den gowrak wekili öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürledi. Şolaryň hatarynda Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleri, degişli kärhanalar we düzümler, türkmen telekeçileri bar. Şeýle-de Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Özbegistandan gelen gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalara we nou-haulara ünsi çekýän diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Serginiň azyk senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny alyşmak, maksatnamalaýyn taslamalara maýa goýumlary çekmek we degişli ugurda ygtybarly ulgamy döretmegiň usullaryny işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga oňaýly şertleri döredýändigini bellemelidiris. Daşary ýurt kompaniýalary dürli gaplaýjy enjamlaryny, iýmleri garyşdyrmak üçin gurallaryny, ekiji, ýygyjy, ideg ediji tehnikalaryny, ösümlik ýagyny öndürýän maşynlaryny, guradyjy we sowadyjy ulgamlaryny görkezýärler. Olar gözden geçirilişe gatnaşyjylary ýyladyşhana, maldarçylyk hojalyklarynyň gurluşygynda ulanylýan döwrebap düzümler, ekologiýa babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrýarlar. Şolaryň hatarynda «YMS Sera Sistemleri», «Dagdelen Sera» ýaly kompaniýalar bar.

Damjalaýyn suwaryş ulgamlary, ekinleri goraýan düzümleri özünde jemleýän mineral dökünler, tohumlardyr önümleri gaplamagyň, olary belgilemegiň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrýan işewürleriň diwarlyklary aýratyn gyzyklanma döretdi. Özbegistanyň «Ermak», «Parlak Ambalaj», Russiýanyň «Polimer» kompaniýalary sergide ilkinji gezek öz hyzmatlaryny hödürleýärler. Türkiýäniň «Uluçinar Tarim», «Markka Genetik» kompaniýalary mineral dökünleri, «Ardent Plastik A.Ş.» suwaryş ulgamlaryny, «Günsa Makina» kärhanasy bolsa oba hojalyk tehnikalaryny görkezýär.

Ýurdumyzyň öndürijileriniň ýokary hili, ekologik howpsuzlygyň derejesi bilen tapawutlanýan önümlerine daşarky bazarlarda-da uly isleg bildirilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň daşary döwletlerdäki söwda wekilhanalarynyň alyp barýan işleri türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, daşary ýurt maýa goýumlarynyň işjeň çekilmegine, halkara işewürlik gatnaşyklarynyň geriminiň giňeldilmegine gönükdirilendir. Birleşmäniň başlangyjy boýunça «Hil standart» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzda azyk önümleriniň howpsuzlygyna baha bermek boýunça barlaghana merkezi döredildi. Bu merkeziň işiniň hil derejesi ISO/IEC17025:2017 halkara standarty esasynda tassyklanyldy. Türkmen kärhanalarynyň mynasyp bolan ISO we HACCP halkara güwänamalary olaryň öndürýän azyk önümleriniň ýokary hillidigine, ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär.

Hususyýetçiler täze suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ýerlerde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegiň, miweli baglary, üzüm nahallaryny oturtmagyň hasabyna azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça işleri durmuşa geçirýärler. Tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyndaky özgertmeleriň esasy ugrudyr. Oba hojalyk toplumynda dolandyryşyň telematik sanly elektron ulgamy arkaly işleriň mehanizmleşdirilen görnüşde ýerine ýetirilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.

Oba ýerlerinde bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegine gönükdirilen hojalygy ýöretmegiň täze usullaryna geçilmegi bazarlary ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen üpjün etmäge, oba hojalyk toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, önümçiligiň möçberini we girdejililigini ýokarlandyrmak üçin innowasiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen üpjün etmek babatda hususy pudak tarapyndan yzygiderli tagallalaryň edilýändigini tassyklaýar.

Oba hojalyk önümçiliginde sanly usullar işjeň ulanylýar. Ýurdumyzda häzirki zaman önümçilikleriniň, şol sanda ekologik taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümlerini öndürýän ýyladyşhana hojalyklarynyň sany barha artýar. Şunda ekerançylykda ekiş döwründen ösdürip ýetişdirmäge we ideg etmäge çenli bolan ähli işler tehnologik usulda amala aşyrylýar. Bularyň hemmesi sanly ulgama esaslanýar. Degişli howa ýagdaýyny, ýagtylygy, çyglylygy saklamak, topragy baýlaşdyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar arkaly suwarmak we beýleki degişli agrotehniki çäreleri geçirmek işleri awtomatik usulda alnyp barylýar hem-de ýörite programma arkaly gözegçilik edilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, bol hasyl almak, ýylyň ähli paslynda ýokary hilli önümleriň bolçulygyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy önüm öndürijilere onlaýn tertipde önümçiligiň ähli ugurlaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Ol taýýar önümleri ugratmakdan onuň bellenen ýere çenli bolan aralygy, ýola sarp edilen wagt, ýüküň agramy, saklanyş derejesi we ugradylýan ýurduň hem-de alyjynyň ady baradaky maglumatlary berip durýar. Munuň özi bar bolan meseleleri öz wagtynda çözmäge, harytlaryň içerki we häzirki mahabat ýagdaýyny, alyjylaryň isleglerini nazara almak arkaly daşarky bazarlara ibermegiň amatly ugurlaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda, oba hojalyk pudagyny ulgamlaýyn dolandyrmak we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, däneçilik, ekerançylyk hem-de pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary döredildi. Bu işler ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ony hil taýdan täze derejelere çykarmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga goşant goşýar.

Sergide görkezilýän diwarlyklaryň hatarynda oba hojalyk kärhanalary, döwrebap ýyladyşhana hojalyklary, guşçulyk, maldarçylyk boýunça, gök-bakja önümlerini, miweleri gaýtadan işleýän toplumlar bar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan 2015-nji ýylda üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan üstünligi üçin BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ýörite baýragyna mynasyp boldy. Paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky söwda merkezleriniň, bazarlaryň tekjelerinde önüm bolçulygy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, şol sanda azyk önümlerini öndürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

Önümler üçin gaplary öndürýän «Lebiz plastik», «Ýedidogan Nur», «Toprak» kompaniýalarynyň, suw arassalaýjy enjamlary öndürmäge ýöriteleşen «Nowa-Med» hojalyk jemgyýetiniň wekilleri hem öz harytlaryny görkezdiler. Bu kärhanalar dünýä tejribesiniň we öňdebaryjy tehnologiýalarynyň esasynda işlerini kämilleşdirýärler.

Suwdan peýdalanmagyň kämil usullaryny oýlap tapan ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerinden ugur alnyp, häzirki döwürde ýurdumyzda suw serişdelerini aýawly saklamaga, ondan tygşytly peýdalanmaga gönükdirilen giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda suwuň gymmatly gorlaryny aýawly saklamak, ondan rejeli peýdalanmak boýunça netijeli işler amala aşyryldy. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, ylmyň soňky gazananlary önümçilige işjeň ornaşdyrylýar. Türkmenistan gurak zolakda suwdan peýdalanmak babatda örän uly tejribe toplamak bilen, bu ulgamda alnyp barylýan ylmy barlaglarda öňdebaryjy orny eýeleýär, beýleki döwletleri hem suw serişdelerine aýawly çemeleşmäge çagyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda azyk howpsuzlygy, ekologik abadançylyk, şol sanda ekologiýa we suw diplomatiýasy boýunça döwletimiz tarapyndan öňe sürlen teklipler halkara bileleşikde giň goldawa eýe boldy.

Sergide «Arçalyk», «Sada suw» kärhanalarynyň, «Ak ýaprak», «Mahmal Zip» hojalyk jemgyýetleriniň gazly we gazsyz, arassa agyz suwlarynyň dürli görnüşleri, tebigy bakja önümleriniň we miweleriniň suwlary, şerbetleri görkezilýär. Şeýle-de «Parahat» hususy kärhanasynyň belli «Joş», «Eçil» miwe suwlary, sowuk çaýy, şöhlatlary, çaga iýmiti (miwe-bakja pýuresi), uzak möhletleýin saklamaga niýetlenen süýt önümleri, ýerli tebigy çig malyň esasynda taýýarlanylan pomidor goýultmasynyň köp görnüşleri bar. Süýt önümlerini öndürmekde meşhurlyga eýe bolan «Gönezlik» hojalyk jemgyýeti, «Süýt» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we beýlekiler sergi meýdançasynda öz önümleri bilen tanyşdyrdylar. «Şerbet Market», «Halk Market» söwda dükanlarynyň hem diwarlyklary ýaýbaňlandyryldy.

Umuman, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň işiniň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmak halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde baş wezipeleriň biri bolmagynda galýar.

Günüň ikinji ýarymynda sergä gatnaşýan kompaniýalaryň täze tehnologiýalarynyň, enjamlarynyň we önümleriniň mahabat-tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi. Bir söz bilen aýdylanda, şu gün açylan sergi oba hojalyk toplumynyň ösüşine gönükdirilen tehnologiýalardaky nou-haular, meýilnamalaýyn işler bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik döredýär. Ertir sergi öz işini dowam eder. Gözden geçirilişiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Olarda hyzmatdaşlygy ösdürmek we özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça pikir alşylar.