Ï «Altyn asyr» futbol topary «Ahal» topary bilen deňe-deň oýnady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» futbol topary «Ahal» topary bilen deňme-deň oýnady

view-icon 2579
«Altyn asyr» futbol topary «Ahal» topary bilen deňme-deň oýnady

Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň toparlarynyň 14-nji tapgyrynyň oýunlary ýurduň dört şäherinde geçirildi.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän «Sport toplumynyň» stadionynda ýurdumyzyň wise-çempiony «Altyn asyr» topary 2023-nji ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýaryşyna iki gezek gatnaşan Türkmenistanyň Kubogynyň finalçysy «Ahal» topary bilen duşuşygy has uly gyzyklanma döretdi.

Bu toparlaryň arasyndaky duşuşygyň birinji aýlawynda – 2:0 hasabynda «Altyn asyr» toparynyň ýeňişi bilen tamamlandy. Şondan bäri «Ahal» toparynyň tälimçisi çalşyldy – topara baş tälimçi hökmünde 43 ýaşly Döwletmyrat Annaýew geldi, onuň ýolbaşçylygynda oýunçylar üç ýeňiş gazandylar, diňe Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» toparyndan utuldylar.

«Ahal» topary oýna erjel girişdi, eýýäm 16-njy minutda Elman Tagaýewiň tagallasy bilen hasap açyldy. Arakesmeden kän wagt geçmänkä, 47-nji minutda Meýlis Diniýew toparyň artykmaçlygyny berkitdi. «Ahal» topary deňleşjek ýalydy. Emma beýle bolmady. Ilki bilen 65-nji minutda Myrat Annaýew 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby 1:2 etdi. Oýnuň esasy wagtynyň gutarmagyna 6 minut galanda «Ahal» toparynyň goragçysy Ata Geldiýew topy öz derwezesine saldy, netijede duşuşyk 2:2 hasabynda deňme-deň tamamlandy.

Bu duşuşykdan soň 25 utuk gazanan «Ahal» topary ikinji, «Altyn asyr» topary 22 utuk bilen üçünji orunda galdy. Şol bir wagtyň özünde, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary iki oýun az oýnady.

«Arkadag» topary bu tapgyrda ýakyn bäsdeşleriniň iki utuk ýitirmeginden peýdalanyp, bassyr 12-nji ýeňşini gazandy. Bu gezek Wladimir Baýramowyň topary «Aşgabat» toparyny 7:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi, bu toparlaryň birinji aýlawdaky duşuşygynda oýun 8:1 hasabynda tamamlanypdy.

Duşuşyk şeýle uly hasap bilen tamamlanar diýip pikir edilmeýärdi. 4-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs uran Begmyrat Pirgulyýew «Aşgabat» toparyny 1:0 hasabynda öňe saýlady, «Arkadag» topary bolsa bu möwsümde ilkinji gezek utulandan soň ýeňiş gazanmaly boldy. Welmyrat Ballakowyň goly bilen 6 minutdan soň hasaby deňledi. Birinji ýaryma goşulan goşmaça wagtyň ikinji minudynda Begenç Akmämmedow ikinji pökgini tora girizdi, toparlar arakesmä «Arkadag» toparynyň peýdasyna 2:1 hasabynda gitdiler.

Duşuşygyň ikinji ýarymy Begmyrat Baýowyň (52-nji we 87-nji minutlarda) we Didar Durdyýewiň (54-nji, 56-njy we 63-nji minutlarda) tagallasy bilen garşydaşynyň derwezesine ýene-de bäş pökgi geçiren meýdança eýeleriniň uly artykmaçlygynda geçdi.

Bu ýeňişden soň «Arkadag» topary 36 utuk gazanyp, ikinji orunda barýan «Ahal» toparyndan 11 utuk öňde, özi-de beýlekilerden bir oýun az oýnady.

Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň 14-nji tapgyryň beýleki iki duşuşygynda meýdança eýeleri 1:0 hasabynda az tapawutly ýeňiş bilen oňdular. Mekan Aşyrowyň 80-nji minutda 11 metrlik jerime urgusy bilen Türkmenbaşynyň «Şagadam» topary paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparyndan, «Merw» topary 83-nji minutda Şirmyrat Baýramowyň meýdançadan kowulmagy sebäpli azlykda oýnan «Energetik» topary şeýle hasap bilen üstün çykdy. Şonda öň «Merw» topary eýýäm 1:0 hasabynda ýeňiş gazanýardy – 77-nji minutda Şazada Bäşimow pökgini tora saldy.

Bu ýeňişlerden soň «Merw» topary 21 utuk bilen dördünji, «Şagadam» topary bolsa bir oýun az oýnap, 18 utuk bilen bäşinji orny eýeledi.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 15-nji tapgyry «Ahal» – «Nebitçi» toparlaryň duşuşygy bilen açylar. Ertesi «Energetik» – «Şagadam», «Köpetdag» – «Arkadag» we «Aşgabat» – «Altyn asyr» toparlar duşuşarlar.