Ï «Daragt» filmi Çeboksary halkara kinofestiwalynyň bäsleşik maksatnamasyna girizildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Daragt» filmi Çeboksary halkara kinofestiwalynyň bäsleşik maksatnamasyna girizildi

view-icon 2437
«Daragt» filmi Çeboksary halkara kinofestiwalynyň bäsleşik maksatnamasyna girizildi

23–29-njy maý aralygynda Çuwaş Respublikasynyň paýtagty Çeboksary şäherinde geçiriljek etnik we sebit kinosyna bagyşlanan XVII Çeboksary halkara kinofestiwalynyň resmi maksatnamasy yglan edildi.

Kinofestiwalyň bäsleşik maksatnamasyna türkmen kinorežissýory Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» çeper filmi girdi.

2023-nji ýylda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen bu filminde sada türkmen maşgalasynyň ykbaly barada gürrüň berilýär.

Film 1941–1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşunyň başlanyşy hakda. Müňlerçe meýletin esgerler ýaly baş gahrymanyň adamsy hem fronta gidýär. Gelin söwer ýarynyň gaýdyp gelerine ýyllarboýy garaşýar.

Kinofestiwal filmiň ilkinji görkezilişi 27-nji maýda sagat 17:00-da «Wolžskiý» kinoteatrynda bolar.

Kinoforumyň maksatnamasynda döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary geçiriler we çagalar üçin film görkeziler.

XVII Çeboksary halkara kinofestiwalynda filmleriň hemmesi asyl dilinde görkeziler. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Çuwaş döwlet filarmoniýasynda bolar.