Ï Düýe ýüň önümlerini öndürijiler önümçilik ugruny ösdürmegi niýet edinýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Düýe ýüň önümlerini öndürijiler önümçilik ugruny ösdürmegi niýet edinýärler

view-icon 2410
Düýe ýüň önümlerini öndürijiler önümçilik ugruny ösdürmegi niýet edinýärler

Aşgabatda geçirilýän häzirki zaman azyk önümçiligi tehnologiýalarynyň halkara sergisi ýerli önüm öndürijileriň gazananlaryny we mümkinçiliklerini görkezýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde görkezilýän önümleriň arasynda «Iner düýe ýüňi» («Unique Camel Wool») türkmen nyşanly düýe ýüň önümleri bar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy Şasenem Garlyýewa 2018-nji ýylda hususy önümçiligini ýola goýdy. Özboluşly önümleri döretmek bilen telekeçi zenan türkmen halkynyň milli-medeni mirasyny wagyz edýär.

Türkmen haryt öndürijisiniň belgisi bilen daşky eşikler, ýorgan, ýassyk, dokma we ş.m dürli önümler öndürilýär.

Ýerli we halkara alyjylaryň ünsüni özüne çeken düýe ýüňünden elde dokalan önümler Italiýa, Fransiýa we Gollandiýa eksport edildi. Önümler golaýda Buharada geçirilen zer bilen keşde gaýalýan önümleriň we şaý-sepleriň halkara sergisinde görkezildi.

– Gadymy dokmaçylyk usullaryna eýerip, önümimizi başyndan ahyryna çenli elde taýýarlaýarys. Ýagny, düýe elde gyrkylýar, ýüňi guradylýar we arassalanylýar, basylýar hem dokalýar. Hiç haçan boýag ulanmaýarys, şonuň üçin düýe ýüňünden öndürilen önümlerimiziň hemmesi ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa bolýar – diýip, brendiň wekili Jennet Garlyýewa gürrüň berýär.

Geljekde haryt öndürijiler düýe ýüňünden döwrebap eşikleri öndürmegi meýilleşdirýärler.