Ï Türkmenistanly tennisçi 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Katarda geçirilýän ýaryşda kubok eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly tennisçi 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Katarda geçirilýän ýaryşda kubok eýeledi

view-icon 2282
Türkmenistanly tennisçi 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Katarda geçirilýän ýaryşda kubok eýeledi

Aziýa Tennis federasiýasynyň howandarlygynda Dohada (Katar) 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen ilkinji ýaryşda Aşgabatdan 12 ýaşly türgen Aýlar Kakabaýewa jübüt bolup oýnamakda hormat münberiniň ýokarky gatyna çykdy. Aşgabat şäherindäki Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiň 7-nji synp okuwçysy gazagystanly Polina Suşkowa bilen bilelikde şu üstünlige ýetdi.

Ýokary baýraga çenli ýolda ilkinji belgide çykyş eden A.Kakabaýewa we P.Suşkowa ýarym finalda Arujan Erdjanowa (Gazagystan)/Ewa Sawino (Kanada) jübütini 6:2, 6:3, finalda bolsa üçünji belgili Honi Jumani Gauraw Jumani (Hindistan)/Dana Halifa (Katar) jübütini – 7:5, 6:0 hasabynda ýeňdiler.

Aýlar Kakabaýewa Aşgabadyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Jennet Hallyýewanyň ýolbaşçylygynda tennis tilsimlerini kämilleşdirýär.

«Aýlar 7 ýaşynda sporta tötänleýin geldi. Tälimçiler onuň zehinini we başarnygyny görüp, ony professional derejede taýýarlap başladylar, gyzymam tennise barha imrinddi. Aýlar mekdepde gowy okaýar, her gün irden we agşam türgenleşiklere gatnaýar. Biz, ene-ata hökmünde Aýlaryň ýene-de köp halkara ýaryşlarynda ýurdumyzyň Döwlet baýdagyny ýokary galdyrmagyny arzuw edýäris!» diýip, onuň ejesi Maral Kakabaýewa gürrüň berýär.

Doha şäherinde başlanan 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän ikinji Aziýa ýaryşynda A.Kakabaýewanyň hem ýeňijileriň hataryna goşulmaga ähli mümkinçiligi bar. Ilkinji iki oýunda ikinji belgili ildeşimiz Lana Roheliony (Filippinler) we Dorsaf Al-Tanini (Katar) – 6:0, 6:0 hasabynda ýeňdi, indi ýarym finalda Özbegistandan dördünji belgili Malika Pulatowa bilen duşuşar.

Geçen ýyl Aýlar Kakabaýewa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda (12 ýaşa çenli) gyzlar toparlarynyň arasynda 3-nji orny eýeledi.