Ï Çagalar bilen ata-eneler arasynda oňyn gatnaşyklary emele getirmek boýunça okuw geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalar bilen ata-eneler arasynda oňyn gatnaşyklary emele getirmek boýunça okuw geçirildi

view-icon 2001
Çagalar bilen ata-eneler arasynda oňyn gatnaşyklary emele getirmek boýunça okuw geçirildi

13-nji maý bilen 18-nji maý aralygynda Türkmenistanda çaga idegine ösüşiň ir döwründe girişmek boýunça okuw geçirildi. Bu okuwy BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar gaznasynyň bölümi Sankt-Peterburgyň ir döwürden girişmek instituty bilen bilelikde geçirdi.

Institut başlangyç taýýarlykdan başlap, pedagogika, logopediýa we psihologiýa ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen bilimlere çenli bilimleri öz içine alýan ir wagtdan ýardam etme we irki çagalyk ösüşi boýunça hünärmenler üçin özboluşly bilim programmalaryny hödürleýär.

Bu okuw milli hünärmenleri çaga idegine ösüşiň irki döwründe girişmekde zerur bolan başarnyklar we bilimler, şol sanda giň gerimli hyzmatlar bilen tanyşdyrdy.

Çagalara we olaryň maşgalalaryna ir döwürde edilýän ýardam çagalaryň we olaryň maşgalalaryna dersara esasda berilýän hyzmatlar toplumy bolup, çagalaryň beden we akyl taýdan ösmegine, çagalaryň we ata-eneleriň arasynda oňyn täsirleriň hem gatnaşyklaryň döremegine, çagalaryň deň-duşlarynyň arasyna girmegine we jemgyýete goşulmagyna, şeýle hem ene-atalaryň endiklerini artdyrmaga gönükdirilendir.