Ï Türkmenistanly woleýbolçylar Merkezi Aziýa Milletler ligasynyň finalyna çykdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly woleýbolçylar Merkezi Aziýa Milletler ligasynyň finalyna çykdylar

view-icon 2204
Türkmenistanly woleýbolçylar Merkezi Aziýa Milletler ligasynyň finalyna çykdylar

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň woleýbolçylary alty toparyň gatnaşmagynda Yslamabatda (Pakistan) geçýän Merkezi Aziýa Milletler ligasynyň (CAVA) jemleýji tapgyryna çykdy. Bu Serdar Täçnazarowyň şägirtleri aýlawly ýaryşda 2-nji ýeri eýeläninden soň belli boldy.

Bäsleşigiň birinji tapgyrynda türkmen woleýbolçylary Eýranyň we Pakistanyň toparlaryndan degişlilikde, 2:3 we 1:3 hasabynda utulyp, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň we Şri-Lankanyň toparlaryny degişlilikde, 3:0; 3:1 we 3:0 hasabynda utdy.

Baş baýrak ugrundaky aýgytly oýunda Türkmenistanyň ýygyndy topary ýer eýeleri, ýagny aýlawly ýaryşda birinji orny eýelän Pakistanyň woleýbolçylary bilen duşuşar.

Merkezi Aziýa woleýbol birleşiginiň (CAVA) howandarlygynda geçýän bu ýaryşa Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Türkmenistanyň we Şri-Lankanyň toparlary gatnaşýar.

CAVA Milletler ligasynyň uly ähmiýeti bar, sebäbi ol geljek 2025-nji ýyldan başlap, dünýä reýtingiň ulgamyna goşular. Bu ösüş woleýbolyň Merkezi zolakda barha artýan bäsdeşlige ukyplylygyny nygtaýar.

Merkezi Aziýa woleýbol birleşigi Merkezi we Günorta Aziýada ýapyk binalarda sport woleýboly, kenar woleýboly we ot üstünde oýnalýan woleýbol boýunça ýolbaşçy guramadyr.