Ï «Altyn asyr» topary erjellik bilen «Aşgabat» toparyndan üstün çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» topary erjellik bilen «Aşgabat» toparyndan üstün çykdy

view-icon 2241
«Altyn asyr» topary erjellik bilen «Aşgabat» toparyndan üstün çykdy
camera-icon
tff.com.tm

«Altyn asyr» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň oýnunda «Aşgabat» toparyndan üstün çykdylar. Oýun «Nusaý» stadionynda geçirildi.

«Aşgabat» toparynyň futbolçylary öňki tapgyrda «Arkadag» toparyndan 1:7 hasabynda utuldylar, şonuň üçinem oýnuň ilkinji minutlaryndan janköýerleriň gözüniň alnynda uly hasap bilen ýeňlişiniň öwezini doljak boldular. Ilkibada Saýid Seýidowyň oýunçylarynyňky şowunady. 17-nji minutda Azat Annaýewiň tagallasy bilen «Aşgabat» topary 1:0 hasabynda öňe saýlandy we 33-nji minuda çenli bu artykmaçlygy saklady, şonda Selim Nurmyradow hasaby deňledi – 1:1.

45-nji minutda S.Nurmyradow ikinji pökgi geçirdi we toparlar 2:1 hasabynda «Altyn asyr» toparyň peýdasyna arakesmä çykdylar.

Oýnuň ikinji ýarymynda Ýazguly Hojageldiýewiň topary Röwşengeldi Halmämmedowyň (72-nji minutda) we Arslan Saparowyň (77-nji minutda) tagallasy bilen garşydaşynyň derwezesine ýene iki pökgi geçirip, 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu oýundan soň «Altyn asyr» topary ikinji ýeri eýeledi, ol utuk babatda (28) bir oýun köp oýnan, üçünji orna düşen «Ahal» topary bilen deňleşdi.

Çempionatda «Köpetdag» toparyndan 5:1 hasabynda üstün çykan «Arkadag» topary 39 utuk toplap, öňde barýar.

Garşydaşlar bu oýna juda netijeli başladylar, olar ilkinji dokuz minutda üç pökgi geçirdiler. Hasaby 6-njy minutda «Arkadag» toparynyň oýunçysy Şamämmet Hydyrow açdy, 7-nji minutda Arslanmyrat Amanow hasaby artdyrdy. Iki minutdan soň Baýramhan Kadyrow bir pökgi geçirdi – hasap 2:1. Ýöne 18-nji minutda ikinji gol salan Arslanmyrat Amanow aratapawudy ýene iki pökgä çenli artdyrdy. Begenç Akmämmedow 24-nji we 60-njy minutlarda iki pökgi geçirdi.

6-njy aprelde bolan bu garşydaşlaryň arasyndaky birinji tapgyryň oýny hem 5:0 hasabynda «Arkadag» toparynyň haýryna tamamlanypdy.

15-nji tapgyryň başga bir oýnunda Türkmenbaşynyň «Şagadam» topary myhmançylykda Marynyň «Energetik» toparyny 3:1 hasabynda utdy. Ýeňijilerden Mekan Aşyrow iki pökgi geçirdi (11 metrlik jerime urgusyndan 16-njy we 71-nji minutlarda), Arslan Ýollyýew goşmaça berlen wagtda ýene bir pökgi geçirdi (90+7). Ýeňilenlerden Farid Kamaleddinow oýnuň başynda (11-nji minutda) garşydaşlarynyň derwezesine ýeke-täk pökgi geçirdi.

Bu 2 utuk bilen ýaryşda yzda barýan «Energetik» toparynyň on birinji ýeňlişi. «Şagadam» topary bolsa 21 utuk toplap, dördünji orna çykdy. Bäşinji orunda barýan «Merw» toparynyň hem şonça utugy bar, ýöne ol bir oýun az oýnady.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynda «Nebitçi» – «Aşgabat», «Altyn asyr» – «Köpetdag», «Arkadag» – «Energetik» we «Şagadam» – «Merw» toparlary duşuşarlar.