Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 77 million 668 müň dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 77 million 668 müň dollaryndan gowrak boldy

view-icon 1875

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, uçar we yşyklandyryş kerosinini, nebit bitumyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, tehniki uglerody satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň telekeçileri aşgarlanmadyk nah matany, jins matasyny, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 77 million 668 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin nebit bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 634 müň manatdan gowrak boldy.