Ï «Demir ölçeg» hususy kärhanasynda işleriň hili we netijeliligi ýokarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Demir ölçeg» hususy kärhanasynda işleriň hili we netijeliligi ýokarlanýar

view-icon 1753
«Demir ölçeg» hususy kärhanasynda işleriň hili we netijeliligi ýokarlanýar

Berkarar Watanymyz bu günki günde düýpli galkynyşlary başdan geçirip, beýik ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň döwrebap derejede artmagy, onuň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy hem oňa doly şaýatlyk edýär.

Bu ugurda sebitlerde amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk guralyp, pudagyň önümçilik kuwwatynyň durnukly üpjün edilmegini şertlendirýär.,

Diýarymyzyň Günbatar sebitinde şeýle tutumly işlere mynasyp goşantlaryny goşýan kärhanalaryň biri-de welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň golaýyndaky senagat zolagynda ýerleşýän «Demir ölçeg» hususy kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu öňdebaryjy merkez diňe bir dürli hyzmatlary däl, eýsem, köpugurly elektrik enjamlaryny, olaryň şitleridir gutularyny hem öndürýär. Hyzmat merkezi elektrik enjamlarynyň önümçiliginde, dürli pudaklaryň elektrik-gurnama işlerinde göreldeli zähmet çekýän kärhanalaryň hatarynda tanalýar. Oňa gelip gowuşýan sargytlar öz wagtynda oňat ýerine ýetirilýär. Abatlaýyş-sazlaýyş bölüminde elektrik hereketlendirijileriniň we transformatorlaryň sarym hem-de abatlaýyş işleri üstünlikli berjaý edilýär.

Hususy kärhanada meýdan inženerçiligi, elektrik enjamlaryny ýokary woltlarda synamak, ölçemek, olara tehniki hyzmat etmek, rele goraglaryny we awtomatikany gurmak, sazlamak, gorag ýereçatmalary, ýyldyrymdan goraýjylary gurnap, ulanyşa tabşyrmak ýaly birgiden ýöriteleşdirilen hyzmatlaram edilýär. Mundan başga-da elektrik geçiriji ulgamlar üçin demir ölçegleri öndürmek, yşyklandyryş üçin sütünleri, kuwwatlylygy 35 kilowatdan 110 kilowata çenli bolan elektrik howa geçirijilerini gurnap, sazlamak, dizel generatorlaryny abatlamak we olara tehniki taýdan hyzmat etmek işleri hem alnyp barylýar. Şeýle-de kärhana Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan berlen ygtyýarnamalar esasynda howa we ýerasty elektrik geçirijileri çekmek işlerini ýerine ýetirýär. Abatlanan enjamlar hem «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň barlagyndan geçirilip, buýrujylara tabşyrylýar.

Döwletimiziň telekeçiligi ähli babatda ösdürmek üçin döredip berýän taýsyz mümkinçiliklerinden göwünleri galkynýan hususy kärhananyň işçileridir hünärmenleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda has-da tutanýerli zähmet çekýärler. Bu ýerde oturdylan Türkiýäniň «DURMA» we Fransiýanyň «JUANEL» kompaniýalaryndan satyn alnan kuwwatly enjamlar bolsa her bir ýerine ýetirilýän işde nusgalyk netijeleri gazanmaga giň mümkinçilikleri berýär. Şu günlerde-de hususy kärhananyň ussat işçileridir hünärmenleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Balkan» sement zawodynyň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, «Balkankän» müdirliginiň buýurmalaryny ýerine ýetirip, olary ýokary hil talaplaryna laýyk berjaý edýärler.

– Ýakynda kärhanamyzyň ýanynda ýangyn söndüriji enjamlara suwuklyk doldurýan bölümiň işini talabalaýyk ýola goýduk. Biz geljekde-de kärhanamyzyň önümçilik gerimini giňeldip, onuň kuwwatyny, ösüş depginini ýokarlandyrmagy maksat edinýäris – diýip, «Demir ölçeg» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Serdarberdi Mätiýew biziň bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy.