20-nji maýda ABŞ-nyň Milli poçta muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň ilçihanasy we «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşi tarapyndan bilelikde çykarylan poçta markasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Waşington şäherinde ýerleşýän muzeýde guralan dabara türkmen tarapyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, ýurdumyzyň ylym, bilim, medeniýet edaralarynyň işgärleri, ýurdumyzyň ABŞ-daky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar. 
Şeýle hem çärä «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň we ABŞ-nyň Milli poçta muzeýiniň ýerine ýetiriji direktorlary, Döwlet departamentiniň we ýurduň beýleki edaralarynyň, meşhur amerikan kompaniýalarynyň wekilleri, alymlar gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar halkymyzyň baý medeniýeti, geçmişi we şu güni barada gürrüň berýän sergi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Sergide Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanylýan Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň nusgalary, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynyň gymmatlyklary, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungat eserleri görkezildi. 
Beýik türkmen şahyrynyň şanly senesini dabaralandyrmak maksady bilen, guralan çärede çykyş edenleriň biragyzdan belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy bütin adamzadyň medeni mirasynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen edebiýatynyň görnükli wekilidir. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çykarylan poçta markasy we şu mynasybetli guralýan dabara türkmen-amerikan medeni gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup, ol beýik türkmen şahyrynyň döredijiligini diňe bir ABŞ-da däl, eýsem, halkara derejede wagyz etmekde hem möhüm ähmiýete eýedir.
Poçta markasy taýýarlanylanda Magtymguly Pyragynyň meşhur türkmen suratkeşi Aýhan Hajyýew tarapyndan döredilen kanoniki keşbi ulanylypdyr. Ol ýadygärlik sowgat hökmünde, şeýle hem elektron görnüşde ulanmak üçin ABŞ-da ýaýradylar. Şeýle hem poçta markasynyň nusgalary muzeý gymmatlygy hökmünde ABŞ-nyň Milli poçta muzeýiniň gaznasynda saklanar we bu ýere gelýänlere görkeziler.
Muzeýiň Ýerine ýetiriji direktory Elliot Gruberiň bellemegine görä, beýik türkmen şahyrynyň hormatyna döredilen poçta markasy Türkmenistanyň poçta hyzmatynyň taryhy barada gürrüň berýän gymmatlyklaryň üstüni ýetirer. Bellenilişi ýaly, bu muzeý poçta hyzmatlarynyň taryhyna ýöriteleşen iň gadymy we dünýädäki iň iri muzeýdir. Bu ýerdäki gymmatlyklaryň üsti bilen ABŞ-nyň 300 ýyla golaý uzaýan poçta hyzmatlarynyň taryhy, şeýle hem dünýäniň 50-den gowrak ýurdunyň poçta markalary bilen tanyşmak bolýar.
Muzeýiň direktorynyň belleýşi ýaly, poçta markasy diňe bir poçta hyzmatlarynda ulanylýan serişde bolman, ol her bir halkyň durmuşy, medeniýeti barada gürrüň berýän gymmatlyga eýedir. Hatly bukja berkidilýän poçta markasy dünýäniň islendik ýerine hatly habarnama bilen birlikde, her bir adamda gyzyklanma döredip biler.